SOŇKY HABARLAR
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 96 MILLION 537 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny, ýangyç mazudyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem Russiýanyň, BAE-niň,Türkiýäniň, Ukrainanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiý...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SPORT AWTOULAGYNDA GARAGUM SÄHRASYNA GEZELENJI AMALA AŞYRDY
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz ir bilen sp...
DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallaryn...
TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «DIALOG –PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» TEMASY BOÝUNÇA TEGELEK STOL
2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäheriniň Diplomatik akademiýasynda «Dialog –parahatçylygyň kepili» temasy boýunça tegelek stol geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren «Dialog –parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Çärä Awstriýanyň DIM-niň ýolbaş...
ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK WE BELLIGE ALMAK DOWAM EDÝÄR
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktor...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilh...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZYŇ GOL ÇEKEN RESMINAMALARY
“Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” we “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibi tassyklanyldy. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýu...