SOŇKY HABARLAR
SIMFONIKI ORKESTRIŇ TÄZE ÝYL SOWGADY
Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly tomaşaçylar ýene-de Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Ernst Gofmanyň «Döwgüç» ertekisine döreden baletiniň jadyly älemine düşdüler. Mukamlar köşgünde çagalar we ulular Täze ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda doktor Ştalbaumyň owadan öýünde bolan üýtgeşik wakanyň şaýady boldular. Bu gezek «Döwgüç» amerikan film-baleti görkezildi. Onda şazadanyň keşbini «Öýde bir özi» filminden tanalan Makоleý Kalkin döredipdir. Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşy biraz Täze ýyl, çagalara niý...
TÜRKMEN ALABAÝY KAZANDA GEÇIRILEN ITLER BÄSLEŞIGINDE
Akdus atly türkmen alabaýy Kazanda geçirilen «Top Dog Tatarystan — 2021» atly itler bäsleşigine gatnaşdy. Akdusyň düşürilen wideosy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirildi. Wideoşekillerde Akdusyň söweş ukybynyň barlanyşy we itşynas hünärmen bilen aýlaw meýdançasynda ylgaýşy ýaly pursatlar şöhlelendirilipdir. Alabaýy heniz güjüjekkä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Preziden...
EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt pulyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” d...
TÜRKMENISTANDA NEŞE SERIŞDELERINI ÝOK ETMEK ÇÄRESI GEÇIRILDI
25-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormat...
KERKIDEN AŞGABADA WE DAŞOGUZA
2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň arasynda kadaly howa gatnawy açylar. Bu ugurda (Aşgabat – Kerki – Aşgabat) boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçuş Aşgabat halkara howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, gaýdyş ugra bolsa – 12.00-a meýilleşdirilýär. Uçuş wagty – bir sagat. Hepdäniň üçünji günlerinde şol bir kysymly uçar Daşoguzdan Kerki h...
PAÝTAGTYMYZDAKY BAŞ TÄZE ÝYL ARÇASY «IŇ BEÝIK ARÇA» ADYNY ALÝAR
Däp boýunça, Aşgabatda «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan baş arçanyň üstündäki çyralar ýakylan pursadyndan başlap, ýurdumyzda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çärelerine badalga berildi. Boýy 38,5 metr bolan owadan, göze ýakymly lybasly ýaşyl gözelligiň çür başynda «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýän myhmanlary Aýaz baba bilen Garpamyk gyzykly aýdym-sazly, sowgatlar bilen doly, özüne çekiji sahnalaşdyrylan çykyşlara çagyrýarlar....
TÜRKMENISTANDA TÄZE ÝYL BAÝRAMY MYNASYBETLI GOŞMAÇA DURMUŞ ÇÄRELERI GURNALAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Wise-premýer Ç.Gylyjowa 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar...