SOŇKY HABARLAR
TALHATAN BABA METJIDI SELJUK BINAGÄRLIGINIŇ AJAÝYP ESERIDIR
Köne Merwden otuz kilometr daşlykda Talhatan obasynyň çäginde Talhatan Baba metjidi ýerleşýär. Merkezi Aziýa binagärliginiň bu ajaýyp ýadygärligi XI asyryň ahyrynda bina edilipdir. Bu ymaratyň aýratyn gymmaty mongollaryň çozuşy döwründe-de weýran edilmedik taryhy ýadygärligiň abat saklanyp galmagyndadyr. Ýok edilmezliginiň sebäbi bolsa taryhy syrlygyna galýar. Bina adaty gönüburçluk diýen ýaly, bu ýerde metjitler üçin adaty bolan telär ýok. Binanyň üç tarapy petik diwarlardan ybarat, diňe dör...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BSGG-NIŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagalalary etjekdigini beýan etdi. T...
DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda...
DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 2-3-nji dekabrynda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi. Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza-döw...
TÜRKMENISTANDA JEMI IÇERKI ÖNÜMIŇ ÖSÜŞI ÝYLYŇ 11 AÝYNDA 6 GÖTERIMDEN GEÇDI
2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda eziz Diýarymyzyň jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolany...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERMEGI TABŞYRDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Owganystan halkyna ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýere, daşary işler ministrine R.Meredowa degişli görkezme berdi. Geçen hepde döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçen 15-nji sammitinde eden çykyşynda guramanyň agza-döwletlerini owgan halkyna gyssagly ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrypdy. Döwl...