img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Ýan

HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý boýunça barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy. Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar we türkmen-owgan serhedi dostluk serhedi bolup durýar. Türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak boýunça owgan tarapy bilen ylalaşykly hereketler yzygider esasda alnyp barylýar.

DOWAMY
pic
4 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BSGG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY KESGITLENILDI

Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde Hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady. Bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda: Pandemiýa kes...

DOWAMY
pic
3 Ýan

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Gündogar senenamasy boýunça bars ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde täze ýylyň her bir pursadynyň ähli ulgamlarda täze, uly üstünliklere beslenmegi üçin milli ykdysadyýetimiziň dürli pudak...

DOWAMY
pic
3 Ýan

SERIŞDELER GAÝTADAN DIKELDILÝÄN YKDYSADYÝETIŇ GELJEGI

Golaýda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi «Ekonlaýn Interneýşnl» JÇJ hem-de DEKONTA kompaniýasy bilen bilelikde galyndylary gaýtyadan işleýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň mümkinçiligini güýçlendirmek: serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýet we galyndylary dolandyrmak» atly jemleýji webinar boldy, onda galyndylary ulanmak boýunça häzirki hereket edýän Milli strategiýa masl...

DOWAMY
pic
3 Ýan

«AKYLLY» ŞÄHER DÜŞÜNJESI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäginde işleýiş we rahat ýaşaýyş gurşawyny döretmäge niýetlenen binalardyr desgalar toplumyny gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk üçin umumy meýdany 1000 gektardan gowrak ýer bölünip berlipdir. Gurluşyk iki tapgyrda amala aşyrylýar, birinji tapgyr takmynan 700 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde 336 desga bolup, şol sanda 258 ýaşaýyş jaýy, 64 edara binasy we inženerçilik infrastrukturasy bilen baglanyşykly 14 desga gurulýar. Birinji tapgyr...

DOWAMY
pic
1 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MAŞGALA AGZALARY BILEN AGZYBIRLIKDE TÄZE ÝYLY GARŞYLADY

Hemmeleriň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň bagtyýar maşgalalarynyň agzybirliginiň aýdyň nyşanyna öwrülip, ynsan kalbyny şatlykdan doldurýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýan pursatlary şatlyk-şowhuna beslendi. Milli Liderimiziň agtyklary özleriniň şatlygy, täze döredijilik işleri we ýakymly pursatlar bilen mähriban atasyny begendirdiler. Munuň...

DOWAMY
pic
30 Dek

ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara...

DOWAMY