SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň federal ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi...
Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrler derejesindäki birinji forumy geçirilýär
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Giň gerimli iki günlük forumyň işine YHG-a agza ýurtlar...
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşyk hakynda
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahat...
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) sebitinde durnukly ösüş boýunça ilkinji ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi bilen duşuşdy. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurduň arasyndaky...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda dușuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ädimlerini kesgitlediler. Türkmenista...
Türkmenistanyň DIM-inde Monako Knýazlygy bilen sport pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlașyldy
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy, raýdaşlygy, hormaty we özara düşünişmegi ösdürmegiň guraly hökmünde Türkmenist...
Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Ektor Isidro Arenas Neýra bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlar...