SOŇKY HABARLAR
ÝDÖB TÜRKMENISTANYŇ HUSUSY BILIM EDARALARY ÜÇIN OKUW GEÇIRÝÄR
Türkmenistanyň hususy bilim edaralarynyň wekilleri üçin Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) «Sanly marketing we satyşlar» atly okuwy başlandy. Iň gowy halkara tejribelerine esaslanan bu 6 günlük onlaýn okuw internetde bilim beriş hyzmatlaryny ösdürmegiň täsirli gurallary bilen tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanypdyr. Wagtyň barha ýokarlanýan gymmatlygy we tehniki mümkinçilikleriň ösmegi onlaýn bilime bolan islegi has-da artdyrýar we elýeterli edýär. Tutuş dünýäde barha köp adam ok...
SEKIZÝAP – KÖPETDAGYŇ MERJEN DÄNESI
Köpetdagyň goýnunda ençeme ajaýyp ýerler bar. Dag gerişleri, kert kenarly çeşme-çaýlarynyň we geň galdyrýan dereleriň hem-de belent daglaryň arasyndaky tekiz belentlikleriň gapma-garşylygy haýrana goýýar. Bu sebitdäki daglar galyň gatlakly deňiz çökündilerinden emele gelipdir, olaryň gatlaklarynda köplenç daşa dönen uly çaňňalaklary – ammonitleri – gadymy deňizde ýaşan mollýuskalaryň galyndylaryny, özboluşly togalak mineral daşlary we del ösümlikleriň saklanyp galan yzlaryny görmek bolýar....
«MUKAMYŇ SYRY» FILMINDE ÝAŇLANAN OWAZ
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Welmyradowany 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli mübäreklemek dabarasy boldy. Agşamy alyp baryjy, jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa tanymal aýdymçy Amanbibi Welmyradowany ýaş toýy bilen gutlap, onuň şahsy durmuşy we baý döredjiligi bilen dabara gatnaşýanlary tanyşdyrdy. Konserwatoriýanyň professory Ýolaman Nurymow Amanbibi Welmyradowa barada gürrüň berdi. Ol filarmoniýa ý...
EKOLOGIÝA SYÝAHATÇYLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI
17-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. Onlaýn-foruma türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatda syýahatçylykda telekeçiligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýetiniň meseleleri, şeýle hem taryhy-medeni hem-de ekologiýa syýahatçyly...
TÜRKMENISTANDA ÖNÜMLERIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI ÖNDÜRILER
Türkmenistanda ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak milli maksatnamalara laýyklykda önümçilik düzümleri giňeldilýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpeldilýär. Hökümetiň Sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI GDA AGZA ÝURTLARYŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞLERINIŇ SEKRETARLARYNYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň Moskwada geçirilen IX duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar howpsuzlyk, migrasiýa we biotehnologiýany ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. «GDA-nyň 30 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylary Arkalaşygyň esaslandyryş resminamalarynda görkezilen maksat...
MUZEÝE SOWGAT BERLEN SURATLAR
Daşoguz welaýatynyň Taryh we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna meşhur suratkeş Merdan Kakabaýewiň otuz sany suraty goşuldy. Nakgaş bu suratlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet ojagyna sowgat berdi. Sünnä eserleriň arasynda tanymal medeniýet işgärleriniň portretleri, natýurmortlar, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini şöhlelendirýän peýzažlar bar. Merdan Kakabaýewiň döredijiliginde Watan temasynyň hemişe esasy orun tutýandygyny bellemelidiris. Mu...