img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, milli Liderimiz Gutlag hatynda belledi we geljekde bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany...

DOWAMY
pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LITWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLETIŇ DIKELDILEN GÜNI BILEN GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň P...

DOWAMY
pic
15 Few

MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny he...

DOWAMY
pic
15 Few

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BELARUS-TÜRKMEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI BARADA GÜRRÜŇ BERDI

Aşgabatda Berlarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Respublikan referendumyna taýýarlyk görlüşine bagyşlanan brifing geçirdi. Belarus Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekili öz çykyşynda belarus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda taraplar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bel...

DOWAMY
pic
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....

DOWAMY
pic
14 Few

ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK BAŞLANDY

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk M...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞÇISINE HEM-DE “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNA TELEGRAMMALARY IBERDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi. Olarda döwlet Baştutanymyz täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe ibe...

DOWAMY