SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ TÄZE ÝYL ARÇASYNYŇ BAÝRAMÇYLYK YŞYKLARY ÝAKYLDY
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar. Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 met...
NEBIT WE GAZ BAZARY: 2022-NJI ÝYLA WE GELJEGE ÇAKLAMALAR
Britaniýanyň BP kompaniýasynyň press-relizine görä, 12-nji dekabrda Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi boýunça nebit eksporty 500 million tonna ýetdi. Turbageçirijiden Azeri-Çirag-Güneşli toplumyndan nebit we Şah-Deniz ýatagyndan konsensat ugradylýar, şeýle hem Türkmenistandan, Gazagystandan we Russiýadan nebit geçirilýär. Habarda gazgecirijiniň netijeliliginiň işe girizüilen 15 ýylyň dowamynda 75%-den 99,9% çenli artanlgy bellenilýär. Hazar deňzindäki Sangaçal terminalyny Ortaýer deňziniň tür...
ÝUNISEF-IŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýokary derejeli Sebitleýin maslahat çäresine gatnaşdylar. Onlaýn maslahat BMG-niň Çagalar gaznasynyň parlament agzalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we dürli ugurlar boýunça çagalar hem ýaşlar üçin netijeleri gazanmak maksady bilen, ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebit bölümi tarapyndan guraldy. Ol Ýewropada we Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin, ýurt derejesindäki anyk borçlary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Gazagystan Respublikasynyň bu döwür içinde dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini belleýär. Milli...
LEBAP WELAÝATY: GAZÇYLARYŇ ÖSÜŞ DEPGINI BARHA ÝOKARLANÝAR
Şu ýylyň 11 aýynda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary meýilnamada görkezilen 8 milliard 409 million 589 müň metr kub gaza derek 11 milliard 293,5 million metr kub «mawy ýangyç» çykarmaklygyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 milliard 521,8 million metr kub gazyň artyk çykarylandygyny, ýagny, ösüş depgininiň 145 göterimden hem aşandygyny görkezýär. «Mawy ýangyç» bilen bilelikde gaz kondensatyny öndürmekde hem ýokary ösüş gazanyldy. Ýylyň başy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bols...
GAZAGYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI METBUGAT MASLAHATYNY GEÇIRDI
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi. Ilçi 2021-nji ýylda pandemiýa we karantin çäklendirmeleri zerarly dünýä ykdysadyýeti çylşyrymly bolsa-da, Gazagystanyň ykdysadyýetiniň ynamly ösüş depginini saklap galandygyny belledi – şu ýylyň on aýynyň netijesi boýunça ýurduň JIÖ-niň ösüşi 3,5% boldy. Täzeden işleýän senagat önümçili...