img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tü...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ 2022-NJI ÝYLY «HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» DIÝIP YGLAN ETMEK HAKYNDA KARARY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen...

DOWAMY
pic
27 Dek

SIMFONIKI ORKESTRIŇ TÄZE ÝYL SOWGADY

Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly tomaşaçylar ýene-de Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Ernst Gofmanyň «Döwgüç» ertekisine döreden baletiniň jadyly älemine düşdüler. Mukamlar köşgünde çagalar we ulular Täze ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda doktor Ştalbaumyň owadan öýünde bolan üýtgeşik wakanyň şaýady boldular. Bu gezek «Döwgüç» amerikan film-baleti görkezildi. Onda şazadanyň keşbini «Öýde bir özi» filminden tanalan Makоleý Kalkin döredipdir. Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşy biraz Täze ýyl, çagalara niý...

DOWAMY
pic
27 Dek

TÜRKMEN ALABAÝY KAZANDA GEÇIRILEN ITLER BÄSLEŞIGINDE

Akdus atly türkmen alabaýy Kazanda geçirilen «Top Dog Tatarystan — 2021» atly itler bäsleşigine gatnaşdy. Akdusyň düşürilen wideosy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirildi. Wideoşekillerde Akdusyň söweş ukybynyň barlanyşy we itşynas hünärmen bilen aýlaw meýdançasynda ylgaýşy ýaly pursatlar şöhlelendirilipdir. Alabaýy heniz güjüjekkä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Preziden...

DOWAMY
pic
27 Dek

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt pulyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” d...

DOWAMY
pic
26 Dek

TÜRKMENISTANDA NEŞE SERIŞDELERINI ÝOK ETMEK ÇÄRESI GEÇIRILDI

25-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormat...

DOWAMY
pic
25 Dek

KERKIDEN AŞGABADA WE DAŞOGUZA

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň arasynda kadaly howa gatnawy açylar. Bu ugurda (Aşgabat – Kerki – Aşgabat) boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçuş Aşgabat halkara howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, gaýdyş ugra bolsa – 12.00-a meýilleşdirilýär. Uçuş wagty – bir sagat. Hepdäniň üçünji günlerinde şol bir kysymly uçar Daşoguzdan Kerki h...

DOWAMY