SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
Şu gün, 6-njy awgustda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANDA KONSULTATIW DUŞUŞYKDA SEBIT KÄRDEŞLERI BILEN DUŞUŞAR
2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Özbegistanyň Baştutanynyň saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler. Özbegi...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwletle...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin...
TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARY ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESINE ÇYKDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow b...
BEÝIK BRITANIÝA TÜRKMEN DALAŞGÄRLERINI “CHEVENING” TALYPHAKY MAKSATNAMASYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRÝAR
Beýik Britaniýa dalaşgärleri 2022 – 2023-nji okuw ýyly üçin internet arkaly geçirilýän “Çiwniň” (Chevening) talyphaky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. “AA”-yň habarçysyna Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda aýdylyşyna görä, “Çiwniň” talyphaky makasatnamasy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilmek bilen, mugallym taýýarlaýan we iňlis dilini öwredýän okuwlardan başga dürli ugurlar boýunça bir ýylyň dowamynda Angliýada magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Tal...
HOJAMUHAMMET TOÝÇYÝEW – OLIMPIÝA MEDALYNDAN BIR ÄDIMLIKDE
Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny bürünç medaldan bir ädimlikde tamamlady. Ol 13 ýurduň wekilleriniň çykyş eden 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde dördünji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Matkarimowyň 29 ýaşly şägirdi ýaryşyň iki görnüşiniň jeminde (silkip götermek – 184 kg, itip götermek – 230 kg) 414 kg göterdi. Bu bolsa onuň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 6-njy ýeri eýe...