SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN «HAZAR NEBIT-GAZ MEMORANDUMYNYŇ» TÄZE SANYNDA
Hazarýaka ýurtlaryň nebit-gaz pudagyndaky möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» 14-njy noýabrdaky sanynda türkmen tematikasyna saldamly ýer berlipdir. 2021-nji ýylyň oktýabryna berlen synda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşygy barada habar berilýär, onda Hazaryň türkmen ýalpagyny işlemekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçiniň döwlet Başt...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 38-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazutyny, uçar hem-de yşyk kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirl...
TÜRKMEN TALYPLARY MATEMATIKA BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADASYNDA 53 MEDAL GAZANDYLAR
Türkmen talyplary Silez uniwersiteti hem-de Polşa matematika jemgyýetiniň Ýokary Silez bölüminiň Kotowisada (Polşa) guran talyp toparlarynyň matematika boýunça Halkara olimpiadasynda dürli derejeli 53 medaly gazanmagy başardylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary – 13 altyn medala eýe boldular. Olardan dördüsini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, üçüsini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gazandylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uni...
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY KUWWATYNY ARTDYRÝAR
Ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada ýakynda gelen habarlardan soň, ýene bir gowy habaryň şaýady bolduk –Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda has döwrebap dokma toplumy açylar. Bu iki wakanyň arasynda 30 ýyl Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň çig mal ýurt statusyny düýpgöter üýtgedip, dünýä bazarynda gadyry artýan ýokary hilli dokma önümlerini öndürijä öwrülendigini görkezýän...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegin...
TÜRKMEN SAMBOÇYLARY ÝENE-DE IKI BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR
Daşkent şäherinde geçrilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri ýene iki bürünç medaly gazanmagy başardy. Ýaryşyň soňky güni bürünç medallary sambo söweşiniň wekilleri Abdylla Babaýew (71 kg agram derejesinde) hem-de Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) gazandylar. Bu üstünlige barýan ýolda halkara derejeli sport ussady A.Babaýew Mger Merjanýandan (Ermenistan), Filipp Wirgelm Grafdan (Germaniýa) hem-de Alaýbek Umatowdan (Gyrgyzystan) üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa Litwa...