SOŇKY HABARLAR
BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝLEKI RESPUBLIKALARYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
Wengriýada türki dilli respublikalaryň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada Halkara türk medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ) resmi web saýty habar berýär. TÜRKSOÝ-yň Türk geňeşi, Ýunus Emre instituty we Wengriýanyň Miras öýi bilen bilelikde gurnap, Budapeştde geçiren giň gerimli festiwaly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl dönümine bagyşlandy. TÜRKSOÝ-yň Baş kätibiniň orunbasary, dosent Bilal Çakyjy we Wengriýany...
ORAZGÜL AGAJANOWA: SOSIALISTIK ZÄHMETIŇ GAHRYMANY BOLAN ILKINJI TÜRKMEN ZENANYDYR
Başy dik gezip ýören bolsady, Sosialistik zähmetiň gahrymany bolan ilkinji türkmen zenany Orazgül Agajanowa şu ýyl 100 ýaşyny toýlardy. Sylaglanýanlaryň beýleki hünärlere garanyňda, şeýle köp bolmagy ilkinji garaýyşda birneme geň görünse-de, hünärmenler we bu işe gönüden-göni öz zähmetini maýa goýýanlar üçin bu gaty mantykly we düşnüklidir. Hasaplamalara görä, Türkmenistanyň dürli döwürlerde Sosialistik zähmetiň gahrymany diýen ada eýe bolan üç ýüzden gowrak raýatynyň azyndan ýarysyndan go...
AŞGABATDA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA MEDAL GAZANAN TÜRKMENISTANYŇ ÝEŇIJISINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň je...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de käm...
TÜRKMEN LIDERI TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRINI BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Hajymuhammet Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Saparowy Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, wise-premýer Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Türkmen Lideri Türkmenistanyň energetika ministrini belledi (turkmenistan.gov.tm)
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ MERKEZI EDARASYNYŇ GURLUŞY TASSYKLANYLDY
?Diplomatik gulluk hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizme...
BALKAN KÄN MÜDIRLIGINE «TÜRKMEN KAOLIN» AGPJ-NI DÖRETMÄGE ESASLANDYRYJY HÖKMÜNDE GATNAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky...