SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT ÝER TITREMESI – SURTKEŞLERIŇ ESERLERINDE
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi açyldy. Bu elhenç tebigy hadysadan bäri 73 ýyl geçse-de, bu tema türkmen nakgaşlaryny tolgundyryp gelýär. Serginiň merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň Aşgabat ýer titremesine bagyşlap döreden heýkeli goýlupdyr. Topraga meňzeş goýy-goňur reňkde ýasalan heýkel Aşgabadyň başyna düşen betbgatlygy görkezýär....
TELEKEÇILER ÝURDUŇ EKSPORT MÜMKINÇILIGINI ÖSDÜRÝÄRLER
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy telekeçiligiň ösüşi işewürligiň jemi içerki önüme we döwletimiziň büjetine goşandyny artdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, eksportyň ösdürilmegi, şeýle hem import harytlaryň öwezini tutmagy bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalara we iň täze enjamlara esaslanýan täze önümçilikleri döredýän hususy telekeçiler diňe bir içerki bazarda öz ornuny tapmaga däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar...
DAÝAHATYN: DIKELDIŞ IŞLERINIŇ III TAPGYRY
Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň üçünji tapgyry başlandy. Bu taryhy we medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň çäginde, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Daýahatyn gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri ABŞ-nyň Ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak gaznasynyň maliýe goldawy bilen bu taryhy ýa...
MÄŞ ÝYGYMY DOWAM EDÝÄR
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär. Şu ýyl ol güýzlik galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Şu günler meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar. 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Könürgenç etraby ýygymda öňde barýar. 700 gektara bu kösükli ekini eken S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçi...
TÜRKMENISTANDA «EKSPORT GIŇIŞLIGI» DÖREDILER
Türkmenistanda USAID-iň bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň «Ownuk telekeçilik üçin maslahat beriş maksatnamasynyň» çäginde türkmen kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin, «Eksport giňişligi» dörediler. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen işewürleriniň wekillerine hem ýerli geňeşçilerine, şeýle hem halkara hünärmenlere taýýar önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelerde ugrukdyryjy maslahat berler. Bu ugrukdyryjy maksatnama azyk ön...
TÜRKMEN TALYPLARY HALKARA OLIMPIADANYŇ JEMLEÝJI TAPGYRYNA ÇYKDYLAR
Türkmenistanyň ýedi ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howandarlygynda guralan Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna ilkinji gezek gatnaşýarlar. Halkara olimpiadanyň ikinji (jemleýji) tapgyry şu ýylyň 3-nji oktýabryndan 9-njy oktýabryna çenli RF-yň Soçi şäherinde «Sirius» bilim merkezinde geçirilýär. Oňa GDA ýurtlarynyň (Russiýa, Belarus, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan) uniw...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI DUŞUŞYK GEÇIRDILER
Şu gün, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti bu duşuşygy “taryhy we ähmiýetli waka” hökmünde häsiýetlendirdi. Tü...