SOŇKY HABARLAR
BRITANIÝALY KOMPANIÝA HAZAR DEŇZINIŇ TÜRKMEN KENARYNDA NEBIT ÖNÜMLERINI ÝURT DAŞYNA IBERMEK ÜÇIN GÄMI DURALGASYNY GURAR
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini daşary ýurtlara ibermek üçin gämi duralgasyny gurar. Türkmen nebit önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna üznüksiz iberilmegini üpjün etmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde degişli karara gol çekdi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit...
CNPC TÜRKMENISTANDA BAE-NIŇ KOMPANIÝANYŇ GURLUŞYGYNY TAMAMLAMADYK ÜÇ SANY GAZ GUÝUSYNY GURUP GUTARAR
Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC» kompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň tamamlamadyk gurluşygyny ýerine ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ugam arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Mejlisde «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak baradaky» resminamanyň taslamasy wise-premýer Şahym Abdyrahmanow tarapyndan hödü...
TÄZE MÖWSÜME TAÝÝARLYK GÖRÝÄRLER
“Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary şu günler täze möwsüme taýýarlyk görýärler. Alnyp barylýan işler önümçilik sehleriniň, çig mal ammarlarynyň, ýük ýüklenýän we düşürilýän meýdançalaryň ýöriteleşdirilen abzallaryny bolmalysy ýaly ýagdaýda saklamaga we howanyň hem çig malyň toprakdyr mineral tozandan hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu işleriň gidişinde zerurlyga görä, arassalaýjy ýelpezekler, siklon ulgamlary, turbageçirijiler, galdyrgyç gutulary we b...
ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK UGRUNDA GEÇIRILÝÄN AŇ-BILIM IŞLERI
Tomus kanikullary döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň goldaw bermeginde Ombudsmeniň edarasy, Bilim ministrligi bilen bilelikde Gökdere çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin okuw seminarlaryny geçirýär. Maglumat sessiýalarynyň barşynda çagalar çaganyň iň ýokary bähbitlerini, onuň ösüşini we jemgyýetçilik integrasiýasyny üpjün etmegiň ýoly hökmünde...
BÜTINDÜNÝÄ BANKY COVID-19-A GARŞY DURMAK ÜÇIN, TÜRKMENISTANA KARZ BERER
Türkmenistan pandemiýa garşy göreşmek üçin, Bütindünýä bankyndan 20 million amerikan dollary möçberinde karz alar. Degişli Karary hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde kabul etdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ykdysady meseleler babatdaky orunbasary Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen...
TÜRKMENISTANYŇ TOPARYNY OLIMPIÝA OÝUNLARYNA UGRADYŞ DABARASY
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedente...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdy...