RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň iş...

DOWAMY
pic
1 Iýul

TELEKOM-HYZMATLARY WE SANLY ULGAM

Barselonada 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda geçirilýän Bütindünýä kongresi (Mobile World Congress, MWC) - iri maslahatlaryň we telekom-sergileriň biri bolup, onda iň täze tehnologiýalar hem-de ykjam gajetler görkezilýär. Şu ýyl MWC ilkinji gezek garyşyk görnüşde geçiriler: mejlisleriň we spikerleriň käbirine oflaýn, käsi – diňe onlaýn görnüşde gatnaşarlar. Çärä gatnaşýanlaryň arasynda SpaceX we Tesla kompaniýasynyň baştutany Ilon Mask häzirki wagtda internetsiz sebitleri ýokary tizlikli...

DOWAMY
pic
30 Iýun

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ MÄHRIBAN HALKYNA, ZÄHMETSÖÝER BABADAÝHANLARYNA, EDERMEN GALLAÇYLARYNA

Hormatly hasyl ussatlary! Merdana gallaçy babadaýhanlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gallaçylyk pudagynda edermen gallaçylar...

DOWAMY
pic
30 Iýun

MEKDEBE ÇENLI BILIM EDARALARYNYŇ ULGAMY GIŇEÝÄR

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde mekdebe çenli bilim edaralarynyň ulgamy barha giňeýär. Şu günler Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda döredilýän täze ýaşaýyş toplumynda olaryň ýene biri gurulýar. 240 çaga niýetlenen täze binany “Daşoguznebitgazgurluşyk” trestiniň tehniki üpjünçilik boýunça önümçilik müdirliginiň hünärmenleri gurýarlar. Häzir bu ýerde iki gatly binanyň otaglarynyň we daşarda ýerleşýän tomus telärleriniň diwarlary timarlanýar, howly meýdany abadanlaşdyrylýar.  Ýurdumyzda...

DOWAMY
pic
30 Iýun

ÝÜKÜŇ ILKINJI TAPGYRY BIŞKEKE ELTILDI

Türkmenistandan Gyrgyzstana ilkinji haryt tapgyry eltildi. Bu barada Prezident Sadyr Japarowyň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda ylalaşyk gazanylypdy. Takmynan 20 tonna santehnika önümi, onlarça tonna pomidor, käşir we konditer önümleri Türkmenabatdan Bişkeke «Türkmenhowaýollary» agentliginiň IL-76 uçarynda iberildi. Mundan başga-da, birnäçe tonna nebit-himiýa önümleri (polipropilen, polietilen düwürleri), mata nusgalary we ş. m. gowşuryldy. Şeýlelik-de türkmen telekeçileri birnäçe gün mundan...

DOWAMY
pic
30 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAÝHANLARYŇ ZÄHMET ÝEŇIŞLERI BARADAKY HASABATLARY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmeta...

DOWAMY
pic
30 Iýun

TÜRKMENISTANDA ILATYŇ SAGLYGYNY JÖWZANYŇ TÄSIRINDEN GORAMAK BOÝUNÇA ÇÄRELER MEÝILNAMASY TAÝÝARLANÝAR

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzda iş alyp barýan bölümi Türkmenistanyň ilatyny adatdan daşary yssy howanyň täsirinden goramak boýunça Çäreler meýilnamasyny düzmek meselelerine dgişli onlaýn iş ýygnagyny geçirdi. Meýilnama düzmek işi Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz netijelerine uýgunlaşdyrmak boýunça 2020 – 2025-nji ýyllar üçin milli hereket meýilnamasynyň çäginde ama...

DOWAMY