SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ARAGATNAŞYGYNYŇ HYZMATLARY WE TARYHY HAKYNDA
Her ýyl 9-njy oktýabrda Bütindünýä poçta birleşiginiň döredilen güni Bütindünýä poçta güni (World Post Day) bellenilýär. Birleşik 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bernde döredildi. Bütindünýä poçta gününi geçirmek barada habar 1969-njy ýylda Tokioda geçirilen BPB-niň Kongresinde yglan edildi. Ol BMG-nyň bütindünýä we halkara günleriniň sanawyna girýär, dünýäde poçta hyzmatyny wagyz etmäge-de hem-de ösdürmäge ýardam etmäge niýetlenendir. Şondan bäri dünýä ýurtlarynyň köpüsinde her ýyl Büt...
DÖWLET BAŞTUTANY «EKSPO-2020» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNÜNIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “EKSPO-2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINE GATNAŞAR
Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BSGG-NIŇ ÝEWROPA SEBIT EDARASYNYŇ DIREKTORYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi. Iri halkara guramanyň ýokary wezipeli wekili döwlet Baştutanymyzy ýurdumyz üçin şanly sene — ýakynda bellenilen Garaşsyzlygyň 30 ýyllyg...
TÜRKMENISTANDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ILKINJI ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we beýleki milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça eziz Diýarymyzda ilkinji ýaşlar maslahatyny geçirdi. Gibrid formatynda geçirilen bu çäre BMG-niň Glazgo şäherinde geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça 26-njy maslahatynyň (COP26) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda guraldy. Türkmenistanda geçirilen...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA LUKMANÇYLYK DIPLOMATIÝASYNY ÖSDÜRMEGIŇ DERWAÝYSLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
"Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady" atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar. Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...
LUKMAN ALYMLARYŇ HALKARA MASLAHATY IKINJI MEJLISDE ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
“Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat öz işini COVID-19 pandemiýasy döwründe gazanylan tejribäni ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ikinji sessiýasynda dowam etdi. “Pandemiýany ýüze çykaryp biljek ýokanç kesellere garşy göreşde lukmançylyk diplomatiýasy” atly temada geçen ikinji sessiýasynda alyp baryjy hökmünde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ý.Za...