SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN LYBASYNYŇ ÖZBOLUŞLYLYGY
Türkmeniň milli lybasy halkyň däp-dessuryny, durmuş ýörelgesini we ýaşaýyş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiniň özboluşly we iň täsirli hadysasydyr. Özboluşly maddy medeniýetiň, halkyň ahlak dünýägaraýşynyň iň tapawutly aýratynlyklaryndan birine öwrülen esasy geýim nusgasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr. Şeýlelikde şol geýim nusgalarynda ökde hünärmenleriň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini-de görmek bolýar, bu, şeýle hem, berk ahlak düzgünleri we özüňi...
GAPLAŇGYRLY BALIÝER
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň «Gyzyl kitaba giren» ýaşaýjylaryndan biri-de baliýerdir. Samyrlar maşgalasynyň bu wekilini hünärmenleriň köpüsi dünýäde gorky-ürküni bilmeýän süýdemdirijileriň biri hasaplaýarlar. Onuň bedeni muskully, ys duýgusy güýçli, häsiýeti bolsa gyzma. Şu häsiýetleri-de oňa awuny tiz tapmaga we özünden uly haýwanlar bilen çekinmän çaknyşmaga mümkinçilik berýär. Baliýer diňe bir gaty ýeri gazmak bilen çäklenmän, eýsem gyrymsydyr beýleki agaçlara çalt dyrmaşmagy-da başarýar....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ M.G.TAGANOW HAKYNDA PERMANY
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowy Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabry. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.G.Taganow hakynda (turkmenistan.gov.tm)
ÖZBEGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN-ÖZBEK YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI
Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady forumyň barşynda Türkmenistan we Özbegistan wekiliýetleriniň agz...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere g...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynd...