SOŇKY HABARLAR
AMYDERÝA SEBITINDE SUW-ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) amala aşyrýan Ýewropa Bilelşiginiň «suw-energiýa-azyk» (SEA Neksus) özara gatnaşaygynyň esasynda sektoara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary...
HARYTLARYŇ GÜMRÜK BAHASY BOÝUNÇA SEMINAR
Bütindünýä gümrük guramasy (WCO) bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda wideoaragatnaşyk arkaly «Harytlaryň gümrük bahasy» atly okuw çäresi geçirildi. Bu çäräniň geçirilmegine Bütindünýä gümrük guramasynyň Baku şäherindäki mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi ýardam etdi. Bäş gün dowam eden okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirildi. Maslahatyň maksady, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň işgärleriniň harytlaryň güm...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa...
GELJEKKI HASYL ÜÇIN
Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk material taýýarlanylýar. Şu güne çenli bu ýerde on üç müň tonnadan gowrak tohumlyk material ýygnaldy. Tohum üçin ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan hem-de kesellere durnukly görnüşleri saýlanyp alyndy. Bu jogapkärli çärä welaýatyň ýörüteleşdirilen punktlarynyň onusy gatnaşýarlar. Birbada 50 müň tonna galla saklamaga we arassalamaga niýetlenen S. Türkmenbaşy hem-de Boldumsaz etraplarynda 2015-nji ýylda işe girizilen täze iri elewatorlar h...
ÝURDUMYZDA ÖZ IŞINI TAMAMLAÝAN KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatanşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diploma...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNYŇ WEKILLERI HAZAR DEŇZINDÄKI BILELIKDÄKI IŞLERIŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şa...
DUŞANBEDE GEÇEN BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISINDE HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýoka...