SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY KUWWATYNY ARTDYRÝAR
Ýurdumyzyň daýhanlarynyň 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada ýakynda gelen habarlardan soň, ýene bir gowy habaryň şaýady bolduk –Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda has döwrebap dokma toplumy açylar. Bu iki wakanyň arasynda 30 ýyl Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň çig mal ýurt statusyny düýpgöter üýtgedip, dünýä bazarynda gadyry artýan ýokary hilli dokma önümlerini öndürijä öwrülendigini görkezýän...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegin...
TÜRKMEN SAMBOÇYLARY ÝENE-DE IKI BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR
Daşkent şäherinde geçrilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri ýene iki bürünç medaly gazanmagy başardy. Ýaryşyň soňky güni bürünç medallary sambo söweşiniň wekilleri Abdylla Babaýew (71 kg agram derejesinde) hem-de Rüstem Penjiýew (79 kg çenli) gazandylar. Bu üstünlige barýan ýolda halkara derejeli sport ussady A.Babaýew Mger Merjanýandan (Ermenistan), Filipp Wirgelm Grafdan (Germaniýa) hem-de Alaýbek Umatowdan (Gyrgyzystan) üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa Litwa...
TÜRKMENISTANDA MILLI DÖM ÝERLIGI DÖREDILDI
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik» (DÖM) taslamasy bilen bilelikdäki DÖM-iň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak boýunça milli ýerlik döretmek işi tamamlandy. Ol Türkmenistan tarapyndan kabul edilen DÖM-iň görkezijiler sanawyna esaslanýar we ýurdumyzyň ýeten derejesini beýan edýän slaýderleri, DÖM-iň görkezijileri boýunça meta-maglumatl...
ASTANABABA OBASYNYŇ ÝENE BIR ÝADYGÄRLIGI – KYRK GÜMMEZ MEDRESESI
Astanababa obasynyň ýene bir ýadygärligi Kyrk gümmez atly Akmuhammet işanyň medresesidir. ХVII – ХIХ asyrlar aralygynda gurlan medrese halk binagärligi ýörelgesi esasynda bina edilipdir. Oba ilaty Alamberdaryň aramgähi bilen Zubeýdanyň guburynyň arasyndaky medresäni agtaryp başlanda onuň bir gümmezi ýerden ýokary galyp durdy. Gönüburçly bina talyplaryň hüjrelerinden we gümmezli medreseden ybarat bolupdyr, ol şol bir wagtyň özünde metjit bolubam hyzmat edipdir. Şol döwürdäki türkmen mimarla...
TAGAN BERDIÝEW: TÜRKMENLERDEN ILKINJI AKADEMIK, TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY
Golaýda dünýä alymlary, professorlary we talyplary Bütindünýä Ylymlar gününi bellediler. Şol gün açyşlar, ýetilen derejeler ara alnyp maslahatlaşyldy, edilen işler, ylmyň ol ýa-da beýleki ugrunyň gözbaşynda duranlar buýsançly ýatlanyldy. Köp kişi geçene nazar aýlady. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki geçmişini bilmeýäniň geljegi ýok diýilýär. Türkmenistanda hem ýatlanara mynasyplar kän. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň biliminiň we ylmynyň gözbaşynda duranlaryň biri Tagan Berdiýewiç Berdiýewdir. Şu ýyl...