SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ IŞ KESILENLERIŇ GÜNÄSINI GEÇMEK HAKYNDA PERMANA GOL ÇEKDI
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çek...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGYNY GEÇIRMEK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna...
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK VI HAZAR SAMMITIŇ GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna VI Hazar sammitini ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geç...
«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATY—HALKARA HOWPSUZLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY HALKARA MASLAHATYNY ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRMEK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi ta...
LEBAP WE DAŞOGUZ WELAÝATLARYNYŇ WEKILIÝET AGZALARY ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BUHARA WE HOREZM WELAÝATLARYNDA GULLUK IŞ SAPARYNDA BOLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýet agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş sa...