RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Iýul

ÝURDUŇ SENAGATYNYŇ KUWWATY ARTÝAR

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji fabriginiň işe girizilenine kän wagt geçmedigem bolsa, ol dünýä dokma önümleri bazarynda orun tutdy, kärhananyň önümleriniň ýetmiş göterimden gowragy daşarky bazarlara ugradylýar. Şertnama borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirýänligi we halkalaýyn egirme usulda taýýarlanýan arassa ýüplükleriniň ýokary hili bilen kärhana daşary ýurtly alyjylaryň arasynda abraý gazandy. Şu ýylyň birinji ýarymynda hem bu ýerde öndürilen 39,5 million...

DOWAMY
pic
13 Iýul

ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR MEKDEPLERINDE RESMINAMALAR KABUL EDILIP BAŞLANDY

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda ýokary we orta okuw jaýlaryna girmäge höwesek daşagärlerden resminamalar kabul edilýär.Giriş synaglary we okuwa kabul etmek 12-nji iýuldan 27-nji awgust aralygynda geçiriler. Giriş çäresine we ony düzgüne laýyk geçirmeklige ýörite döredilen Döwlet topary ýolbaşçylyk eder. Milli bilim ulgamynyň häzirki depginli ösüşi, okuw-bilim işine halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady derejesiniň ýokarlanmagy, Türkmenista...

DOWAMY
pic
12 Iýul

HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY

2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...

DOWAMY
pic
12 Iýul

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polietileni satyn aldylar. Gazbeton bölekleri Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşa...

DOWAMY
pic
12 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TELEKEÇILIGI GOLDAMAK BOÝUNÇA DÖWLET TOPARYNYŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi...

DOWAMY
pic
12 Iýul

HOWA UÇARLARYNYŇ ÝOLBELETLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

Her ýyl 12-nji iýulda dünýäde iň romantik kärleriň biriniň eýeleriniň - stýuardlar we stýuardessalar raýat awiasiýasynyň howa uçarlarynyň ýolbeletleriniň Bütindünýä güni bellenýär. Olaryň esasy borjy uçuş wagty ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Mundan başga-da stýuardlar we stýuardessalar ýolagçylaryň özüni oňaýly duýmagy üçin elde baryny edýärler. «Türkmenhowaýollary» agentliginde (Turkmenistan Airlines) içerki we halkara ugurlarynda işleýän uçar ýolbeletleriniň ýüzlerçesi zähmet...

DOWAMY
pic
11 Iýul

GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP FUTBOL BOÝUNÇA NOBATDAKY ÇÄRE GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 10-njy iyulynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «Gruziýanyň höwesjeň we korporatiw sporty ösdürmek bileleşigi» bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we  2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlap futbol çäresini geçirdi.   Bu futbol çäresine Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, Gruziýanyň işewür toparlary, türgenler  hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş s...

DOWAMY