img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.       Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Ber...

DOWAMY
pic
26 Awg

PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 25-26-njн awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan...

DOWAMY
pic
26 Awg

TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR

Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.  Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan...

DOWAMY
pic
26 Awg

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR

Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen...

DOWAMY
pic
26 Awg

ÝURDUMYZYŇ MEKDEPLERI ÜÇIN

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okuwçylaryň lybaslarynyň birnäçe görnüşleri we mekdep esbaplary Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabriginiň işgärleri tarapyndan öndürilýär. Ol önümlere gelşikli öňlükler we gyzlar üçin asyl nusgadaky penjekler, oglanlar üçin jalbarlar, zähmet öwreniş sapagy üçin ýörite iş geýimleri, mekdep torbalary degişlidir. Okuwçylara degişli hemme lybaslar we beýleki esbaplar Diýarymyzyň önümi bolan ýökary hilli, berk...

DOWAMY
pic
26 Awg

GURBAN BERDIÝEW DOGLAN GÜNÜNI BELLEDI

25-nji awgustda Gurban Bekiýewiç Berdiýew doglan gününi belledi. Belli futbol tälimçisi 1952-nji ýylda Aşgabatda doguldy. Gurban Berdiýew oýna başlan ýyllary ýarymgoraýjynyň, kähalatda bolsa goragçynyň wezipesini ýerine ýetirýärdi. Ol futbol bilen 1959-njy ýylda Aşgabatda meşgul bolup başlady. Ol «Kolhozçy» SKA (Rostow-na-Donu) we «Rostselmaş» ýaly toparlarda oýnady. 1993-1994-nji ýyllarda «Kaýrat» FK futbolçysy bolup çykyş etdi. Gurban Berdiýew «Sary-garalar»-yň düzüminde 175 oýun geçirip...

DOWAMY
pic
26 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen mähirli salamyny hem-de aýdan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk...

DOWAMY