SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN “ÝEWROPA-KAWKAZ-AZIÝA” HALKARA ULAG GEÇELGESINIŇ MÜMKINÇILIKLERINI AÇMAGA GOLDAW BERMEGI MAKSAT EDINÝÄR
Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki özara hereketleriň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-...
TÜRKMENISTANDA BMG-NIŇ TASLAMA HYZMATLARY BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ (ÝUNOPS) WEKILHANASY IŞE BAŞLADY
2021-nji 10-njy iýunynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň Türkmenistanda işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Guramanyň ýurt boýunça agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli hem-de daşary ýurtly KHBS-niň žurnalistleri gatnaşdylar. Dabara şeýle-de Ýaponiýanyň...
“TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGY- PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERINE ESASLANÝAN ÖSÜŞLER” ATLY HALKARA YLMY AMALY MASLAHAT
2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy - parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy guraýjylary bolup Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty çykyş etdiler. Maslahata BMG-niň Çagalar Gaznas...
TÜRKMEN TEATR USSADY MUHAMMET BEKIÝEWIŇ DÖREDIJILIKLI ÝOLY
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleriniň hatarynda tanalýan, ussat, halypa artisleriň biri Muhammet Bekiýew barada gürrüň etmek örän ýakymly. Bu günki gün ussat, halypa artist Muhammet aganyň 70 ýaşy dolup, ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda Gahryman Arkadagly eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Muhammet Bekiýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 1951- nji ýylyň 10-njy martynda işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň Baýramaly şäheriniň k...
GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGY: YKDYSADYÝETIŇ ÖZGERTMESI, DIWERSIFIKASIÝASY WE SANLAŞDYRYLMASY
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Bu gün Türkmenistan MWF we WB görkezijileri boýunça sebitdäki goňşularynyň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän içerki önümiň jemi (IÖJ) möçberi – ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň ilkinji ýüzlügine girýär. Ykdysadyýetiň garaşs...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖKÜMETARA TÜRKMEN-KATAR TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLADY
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklady (turkmenistan.g...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň milli söwda-senagat hem-de sebitleriň edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini onlaýn usulda bir ýere jemlän bu çäräniň maksady COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady...