RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Maý

ELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Söhbetdeşligiň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taý...

DOWAMY
pic
2 Maý

MARY WELAÝATYNDA GOWAÇA EKIŞI TAMAMLANDY

Ýurduň günorta sebitinde möhüm çig malyň ekişi tamamlandy. Daýhanlar 180 müň gektara barabar ýere tohum sepip, bu ekişi iň gysga agrotehniki möhletde tamamladylar. Gowaça ekilen meýdanlaryň ýarysynda eýýäm maýsalar gök öwüsýärler. Ekiş enjamlarynyň ýerine meýdanlara indi kultiwatorlar çykýarlar. Häzir 250-ä golaý enjam işleýär. Pagta meýdanlarynda gowaçanyň boý almagy  bilen, olaryň sany iki esse artar. Gurak gelen bahar pasly topragy suwarmak üçin daýhanlary meýdanlarda keşleri mümkin bol...

DOWAMY
pic
2 Maý

BEÝIK ÝEŇŞIŇ ESGERLERI: SOWET SOÝUZYNYŇ GAHRYMANY TÄÇMÄMMET NYÝAZMÄMMEDOW

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76-ýyllygynyň öň ýanynda köp neşirler Beýik Ýeňşiň esgerleri barada ýatlamalary çap edýärler. Şolaryň biri, biziň ildeşimiz Täçmämmet Nyýazmämmedowyň ykbaly hakda Pawel Žukow rus dilindäki «Камертон» edebi we taryhy žurnalda çap edilen makalasynda şeýle gürrüň berýär.  Täçmämmet Nyýazmämmedow Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly meýdanlarynda bary-ýogy bir ýyl söweşdi. Ýöne şol gysga wagtda batyr türkmen ýigidi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady a...

DOWAMY
pic
2 Maý

TÄHRANDA NEBIT PUDAGYNDA TÜRKMENISTAN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ JÄHETLERINE GARALDY

Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ahmet Gurbanow bilen Eýranyň KEPCO (Khazar Exploration and Production Company) nebit çykarýan kompaniýasynyň  baş direktory Aly Osuliniň duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) çäginde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine garaldy.   KEPCO kompaniýasy  Eýranyň Milli nebit şereketiniň (MNŞ) bölümidir.  Duşuşygyň dowamynda KEPCO kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazar nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalar bilen tan...

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ WEKILLERI ÝÜK DAŞAMAK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

“Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” gulluklarynyň wekilleriniň Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň işgärleri bilen 30-njy aprelde bolup geçen onlaýn-duşuşygynda halkara ýük daşamagyň çägindäki hyzmatdaşlyk  meselesine seredildi. Taraplar halkara awtomobil we demirýol ýük gatnatmak pudagynda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ähli epidemiologik talaplaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi-de bellendi.   Şeýle hem wideoduşuşygyň barşynda Täji...

DOWAMY
pic
2 Maý

WALENTINA MATWIÝENKO: BILELIKDE ALYP BARÝAN IŞLERIMIZ ÄHLI UGURLARDAKY IKITARAPLAÝYN MÖHÜM GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI AÇAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn. Parlamentarileriň ses bermeleriniň netijeleri Siziň raýatlyk ylalaşygynyň saklanmagyna, milli ykdysadyýetiň kuwwat...

DOWAMY
pic
1 Maý

TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GYNANÇ HATLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Ysraýyl Döwletiniň we halkynyň adyndan Siziň kakaňyz Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan edýärin. Merhumyň jaýy jennetden bolsun! Şu gaýgyly döwürde Siziň göwnüňiziň kakaňyzyň röwşen mirasyndan, onuň asylly işlerinden hem-de Siz bilen hasrat çekýän adamlaryň hakydasyndan teselli tapmagyny dileýärin. Çuňňur gynançlarymyzy we dileglerimizi kabul edi...

DOWAMY