RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÖWSÜMLEÝIN OBA HOJALYK MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak...

DOWAMY
pic
9 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABY ITALÝAN DILINE TERJIME EDILDI WE ÇAPDAN ÇYKDY

Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymyýetden gözbaş alýan halkymyzyň...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “DÖWLET TARAPYNDAN TELEKEÇILIGI MALIÝE TAÝDAN GOLDAMAK HAKYNDAKY” KARARA GOL ÇEKDI

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hak...

DOWAMY
pic
8 Iýun

SAZAK TOKAÝLYKLARY GIŇEÝÄR

Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalygynyň işgärleri sazak tokaýlaryny goramak we köpeltmek boýunça işleri yzygiderli alyp barýarlar. Kärhananyň sebitiň etraplarynda ýerleşýän ýörшteleşdirilen nahalhanalarynda bu gymmatly ösümligiň müňlerçesi ýetişdirilýär. Mysal üçin, diňe şu ýylyň ýazynda olarda jemi sekiz müň gektar meýdana sazak ekildi. Kärhananyň hünärmenleri nahalhanalary nahal bilen üpjün etmek üçin her ýylyň güýzünde sazak tohumyny ýygnaýarlar. Nahalhanada ýetişdirilen nahallar welaýatyň çöll...

DOWAMY
pic
8 Iýun

SIŞENBEDE BÜTINDÜNÝÄ OKEANLAR GÜNI BELLENÝÄR

Sişenbe güni Bütindünýä okeanlar güni bellenýär: BMG bu düzgüni bütin dünýäniň ünsüni gidrosfera bilen baglanyşykly meselelere çekmek üçin, 2008-nji ýylda girizipdi. Bu meseleler howanyň üýtgemegi, balyk gorlarynyň azalmagy we plastikiň astyndaky suwuň hapalanmagydyr. Ýewropa Birleşiginiň Geňeşinde ýolbaşçylyk edýän Portugaliýa bu babatda «Ýaşyl ugruň çäklerinde mawy gün tertibi» diýip taslamalasyny hödürledi. Ol Ýewropanyň we tutuş dünýäniň ykdysadyýetini dikeltmek üçin okeanlaryň ähmiýetini ny...

DOWAMY
pic
8 Iýun

EKOLOGIÝA GORAGYNYŇ HUKUK ESASY

Iýun aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň “Ekologiýa howpsuzlygy” hakynda Kanuny kabul edenine dört ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda «AA»-nyň habarçysy Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak minstrliginiň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň baş hünärmeni Mergen Kepbanowa birnäçe sowal bilen ýüz tutdy. – Mergen, 2017-nji ýylyň iýun aýynda «Ekologiýa howpsuzlygy» hakynda Kanun kabul edilýänçä, bu pudakda hukuk meselelerini sazlaýan başga hukuk namalary hereket edýärdi....

DOWAMY
pic
8 Iýun

ÇÄKSIZ SUNGAT: GAZAGYSTANYŇ ILÇISI TÜRKMENSITANYŇ SIMFONIKI ORKESTRINE HORMAT HATLARYNY GOWŞURDY

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň adyndan dirižýor Resul Gylyjowa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri üçin, şeýle hem aýdymçylar Leýli Ökdirowa we Nury Nuryýewe hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Geçen ýyl Gazagystanda tanymal şahyr, kompozitor, gazak nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Şanly senä bagyşlanan dabara Türkmenistandan...

DOWAMY