SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ TÄZE ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebi...
TÜRKMENISTAN WE SERBIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-serbiýa gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ymtylýandyklary bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-y...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇISI TDIM-NIŇ HGI-NIŇ TALYPLARYNA OKUW SAPAGY GEÇDI
2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Muratow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplaryna onlaýn görnüşde okuw sapagyny geçdi. Okuw sapagynyň dowamynda Ilçi şu ýyl bellenilýän iki sany möhüm ýubileýiň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we ýurduň paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygynyň çuňňur baglanyşyk birleşdirýändigini aýtdy. Türkmenistan öz ýubileýini Türkmenistanyň Prezidentiniň pa...
WATAN HARMANYNA – GALLA AKYMY
Mary welaýatynyň meýdanlarynda bugdaýyň köpçülikleýin oragy ýaýbaňlanýar. Orak döwründe işe çekilen kombaýnlaryň sanyna görä, olar 507 sany bolar. Bilermenler olaryň her biriniň möwsümiň dowamyda 350 gektara golaý meýdanyň hasylyny ýygmalydygyny kesgitläpdirler, bu bolsa dünýä boýunça oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň öndürijilik ukybyna laýyk gelýär. Oňat tehniki üpjünçilik, berk bejergi bazasy ýygymyň ýokary depginde geçjekdigini kesgitleýär. Gallaçylary saldamly...
MUZEÝ SERGÄ ÇAGYRÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy. «Ylym – adamzadyň baýlygydyr» atly serginiň merkezi böleginde muzeýiň hat çeşmeleri arhiwinden tematiki fotosuratlar goýlupdyr. Onda ýurdumyzyň ylmyna saldamly goşant goşan ajaýyp alymlaryň portretleri bar. Bu ýerde XX asyrda arheologiýa, paleontologiýa, etnografiýa, geologiýa, biologiýa ylymlarynda ylmy ekspedisiýalar we barlaglar barada gürrüň berýän özboluşly doku...
HIMIÝAÇY ALYMLARYŇ DÖREDIJILIK MÜMKINÇILIGI
Türkmenistanyň himiýaçy alymlary mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ýurduň ylym edaralary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ylmy hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirýärler. Himiýa institutynyň bölümleriniň we laboratoriýalarynyň ählisi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Geçirilen işleriň netijesinde uly möçberde ylmy-barlag we maglumatla...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, gazagystanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna gazbeton böleklerini we b...