SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigata bolan söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, eko...
ÝERLI PROPILENDEN TÄZE ÖNÜMLER
?Türkmensenet» hojalyk jemgyýeti dokama däl sintetik materialyň täze nesliniň – spanbondyň öndürilişini artdyrdy. Telekeçileriň Akbugdaý etrabynyň senagat zolagynda guran zawody eýýäm üýtgeşik gurluşly bu matanyň üç müň tonnasyndan köpragini öndürdi. Onuň üçin çig mal süýüm döredýän polimerler, hususan-da Kyýanlynyň polimer zawodynda çykarylýan polipropilendir. Polimer çig maldan bu ýerde dürli dykyzlykly we reňk utgaşmaly top (rulon) görnüşli mata alynýar. Ol gymmatbahaly dokma önüminiň ornuny...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERI ÜÇIN TRENINGLER GEÇIRILDI
Ýakynda Köpetdag goraghanasynyň binýadynda aýratyn goragly tebigy çäklerde bioköpdürlüligiň monitoringi boýunça taglymat treningleri geçirildi, olary Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi (TOH we DGGM) Mihael Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» (CADI/КАДИ) bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Taslama Türkmenistanyň biologik köpdürlüligini saklap galmaga we çölleriniň ekoulgamlaryny...
RESUL GYLYJOW: DIŇLENMÄGE MYNASYP ÜÇ KONSERT...
6-njy iýunda sagat 19-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Çarli Çapliniň «Oglanjyk« filmi» atly konsert bolar. Çäre «Oglanjyk» atly doly metražly sözsüz amerikan filminiň görkezilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Bu tragikomediýanyň Çarli Çaplin üçin aýratyn ähmiýeti bardy: filmde kinematografiýa ýyldyzy kompozitor, ssenariçi, režisýor, aktýor we produsser hökmünde çykyş edipdi. – Biz paýt...
TÜRKMENISTANDA GALLA ORAGYNA BADALGA BERILDI
Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Dö...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMINI TASSYKLADY
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady (turkmenistan.gov.tm)