RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI

2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ARASYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dab...

DOWAMY
pic
26 Apr

AŞGABAT KINOFILMLERDE: TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ 140 ÝYLLYGYNA FILMLERIŇ HEPDELIGI

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginiň işgärleri Aşgabadyň ýubileýine özboluşly sowgat taýýarladylar. Olar paýtagtymyzyň keşbi görkezilýän ozalky ýyllaryň we häzirki döwrüň filmlerini saýladyrlar. Baýramyň öň ýanynda tomaşaçylara haýalan kinofilmleri görkeziler. Görkezilişe 1958-nji ýyldan biziň günlerimize çenli Aşgabadyň keşbini görkezýän 11 film saýlanyldy. Olardan iň irkisi režisýorlar Han...

DOWAMY
pic
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny be...

DOWAMY
pic
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere...

DOWAMY
pic
26 Apr

YGTYBARLY IMMUNIZASIÝA ULGAMY ADAMLARYŇ SAGLYGYNYŇ KEPILIDIR

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr. Immunizasiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň m...

DOWAMY