RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ TÄZE BELLENILEN BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy hökmünde bellenilen täze wezipesi bilen bagly gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçi Jon MakGregor Guramanyň üç sany esasy ugurlarynyň çäklerinde ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.   Taraplar häzirki wag...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaral...

DOWAMY
pic
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, Ber...

DOWAMY
pic
2 Iýun

HALKARA SURAT BÄSLEŞIGI: ÖZ BAGTLY ÇAGALYGY BARADA 15 ÝURDUŇ ÇAGALARY GÜRRÜŇ BERDILER

1-nji iýunda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynyň gapylary «Bagtly çagalyk» atly çagalaryň çeken suratlarynyň Halkara bäsleşigi üçin myhmansöýerlik bilen açyldy. Bu Çagalary goramagyň halkara gününde iň ýalkymly wakalaryň biri boldy. On bäş sany ýakyn we uzak ýurtlaryň çagalary bäsleşige tutuş galereýany dolduryp, sergä gelenleri mähir, ýylylyk, aladasyz we bagtly çagalyk howasy bilen gurşap alan 1735 suraty iberipdirler. Sergä goýlan suratlaryň 372-siniň awtorlary türkmen çaga...

DOWAMY
pic
2 Iýun

ÝURDUMYZDA ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINIŇ BIRINJI TAPGYRYNA BADALGA BERILDI

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olar şu ýerden tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäre guraldy. Ýaş nesliň wekilleri çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen ugradyldy. Owadan bezelen awtobuslaryň kerweni bellenilen ýere — ajaý...

DOWAMY
pic
1 Iýun

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR

Şu gün paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde, häzirki döwürde bu senä bagyşlanan dabaralar ýurdumyzda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigi bile...

DOWAMY