SOŇKY HABARLAR
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA KÖPUGURLY SERGÄ GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýe...
ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institut...
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA PATENT GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR
Şu gün, 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwens...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...
BAHAR KALPLARDA NAGMA KAKÝAR: AŞGABATDA GDA HALKLARYNYŇ AÝDYM-SAZLARY ÝAŇLANDY
Şenbe agşamy Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdym-sazly dabara geçdi. Meşhur aýdymçy, mahmal soprano sesli Wera Bazarowanyň ýerine ýetirmeginde ermeni, belorus, ukrain, gazak, özbek, moldawan, rus we türkmen dillerinde aýdymlardyr romanslar ýaňlandy. Roýalyň başyna ajaýyp pianinoçy, halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa geçýär. Şunlukda hem sahnada bu özüne çekiji klawişli guraly göreniňden şirin owazlaryň deňziniň tolkunlarynyň hümmüşine...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 88-nji maddasyna, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji we 25-nji maddalaryna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2021-nji ýylyň 22-nji maýynda on dördünji maslahatynyň barşynda geçirilen açyk ses bermegiň netijeleri boýunça: Gurbanmyrat Durdymyradowiç Aşyrowy...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annamuhammet Ataýewiç Sarjaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)