SOŇKY HABARLAR
AŞGABADYŇ WE ONUŇ DOSTLUKLY-DOGANLYKLY ŞÄHERLERINIŇ HÄKIMLERINIŇ HALKARA MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi. Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy. Ählilere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýa.Gylyjow Türkmenistanyň paýtagtynyň dostlukly, myhmansöýer, binagärlik nukd...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY S.G.BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI A.U.MAMIN BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Şunlukda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky özara hereketle...
AŞGABATDA ULY TENNIS BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILÝÄR
Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň tennis meýdançalarynda uly tennis boýunça ýurduň çempionaty başlandy we ol Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu ýaryş iki topara bölünip geçirilýär. Birinji toparda 12 – 14 ýaşly we 12 ýaşly hem-de ondan kiçi çagalar birinji ýeri almak ugrunda bäşleşseler, ikinji toparda ýaşy 14-den ýokary erkek we aýal türgenler ýurduň çempiony diýen hormatly at üçin özara güýç synanyşarlar. Ýaryşlara tutuş Türkmenistandan jemi 140-a golaý sportsmen gatnaşýar. Ýurduň...
MARYNYŇ “ÝEŇIZ” TIKIN FABRIGI ÖNÜMLERINIŇ ÜÇDEN BIRINI TÄZELEDI
Ýurduň erkek we çaga köýnegini öndürýän iň uly kärhanasynyň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň hataryna, tomus möwsümine gabatlap, ýene 30 sany täze biçüwdäki ýeňil köýnekler goşuldy. Maryly tikinçileriň ýaşlara we çagalara niýtelenen geýimleriniň görnüşi we biçüwi tutuşlaýyn diýen ýaly üýtgedildi. Ilat arasynda uly talap bildirilýän “Ýeňiş” firma belgili köýnekleriniň bezeginiň üstüni özboluşly urundylar we bejergiler, ýakalaryň üýtgeşik nusgalary, urna jübilerdir olaryň gapajyklary bezedi....
AŞGABATDATÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň (Mejlisiň we Halk maslahatynyň) ýolbaşçylary we agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň...
НАЗВАНЫ ПОБЕДИТЕЛИ СТУДЕНЧЕСКИХ КОНКУРСОВ В ЧЕСТЬ 140-ЛЕТИЯ АШХАБАДА
Подведены итоги двух творческих конкурсов среди студентов вузов страны, организованных Международным университетом гуманитарных наук и развития (МУГНиР) при поддержке Министерства образования Туркменистана. Конкурсы эссе и художественной фотографии проведены кафедрой журналистики вуза-организатора и приурочены к 140-летию туркменской столицы. На электронную почту МУГНиР были присланы десятки работ представителей 14 вузов столицы и велаятов. Конкурс эссе проводился на английском языке. Побе...
GRESIÝA TÜRKMENISTAN BILEN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGY GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝAR
Gresiýa Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, ol ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmegiň täze ýollaryny öwrenmegi dowam etdirer. Bu barada Trend habarlar agentligi Gresiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär. Habarda: « Energetika, gurluşyk, oba hojalyk we azyk harytlary, maglumatlar tehnologiýasy we dokma önümleri şeýle hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup biler ─ diýilýär. ─ Düzümleýin gurluşyklarda...