RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARAS

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň 16-njy aprelinde tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkm...

DOWAMY
pic
21 Maý

ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA MILLI HEREKET MEÝILNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistantň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan Adam hukuklary babatynda Milli Hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada resminamanyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we goramak boýunça döwlet ulgamyny güýçlen...

DOWAMY
pic
20 Maý

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TEBIGY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODA BARYP GÖRDI WE IRI GURLUŞYKLARY DIKUÇARDAN SYNLADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerine geldi. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm...

DOWAMY
pic
20 Maý

AŞGABADYŇ TARYHYNYŇ ÇEPER BEÝANY: GEÇMIŞDEN - GELJEGE UZAÝAN NAZAR

Türkmenistanyň çeperçilik Akademiýasynyň galereýasynda paýtagtyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi-bäsleşigi açyldy. Ýaş binagärler, suratkeşler, dizaýnerler we fotosuratçylar bu sergini görmäge gelenlere özleriniň türkmen paýtagtyna söýgülerini, onuň baý taryhy geçmişine goýýan hormat-sylaglaryny wasp edýän eserlerini hödürlediler. Sergi şäheriň döreýşinden başlap, tä onuň şu gününe çenli geçen ýoluny şekillendiriş sungatynyň üsti bilen gürrüň berýär. Mundan hem başga suratçylyk mekdebiniň we ç...

DOWAMY
pic
20 Maý

MAGTYMGULY ADYNDAKY TEATRDA KAMERA SAZLARY ÝAŇLANDY

20-nji maýda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlar topary Antonin Dwožagyň, Ýogannes Bramsyň we Ernst Blohuň eserleriniň saz agşamyny gurnadylar. Agşamyň meýilnamasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow düzdi. Çykyşlarda: Antonin Dwožagyň «Ikinji fortepiano kwarteti», Ýogannes Bramsyň «Wiolonçel üçin 1-nji Sonatasy» we Ernst Blohuň «Fortepiano kwinteti» diňleýjilere hödürlendi. Şu ýyl 180 ýaşy bellenýän...

DOWAMY
pic
20 Maý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şu günki maslahatyň şan...

DOWAMY
pic
20 Maý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün “Aşgabat” seýilgähi bilen Özbegistanyň doganlaşan şäheri bolan Daşkendiň “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkäniň (ABŞ) we Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşdylar. Watanymyzyň mukaddes Garaşs...

DOWAMY