SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Maharaştra ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary we süýşgünler zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlar...
KUBAN ŞÄHERINIŇ PORTLARYNDAN TÜRKMEN GARPYZLARY RUSSIÝA ELTILDI
Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa Türkmenistandan 23,2 tonna garpyz eltildi diýip, Rosselhoznadzoryň sebitara Günorta müdirliginiň metbugat gullugy habar berýär. Şu ýol bilen Müsürden we Türkiýeden hem garpyz getirildi. Krasnodar ülkesiniň geçiriş nokatlarynyň üsti bilen Russiýa jemi 11 248 tonna garpyz eltildi. Şeýle bu ýere Türkiýeden, Müsürden we Täjigistandan gawun hem eksport edildi. «Gawunlar we garpyzlar olary iberýän döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň bere...
TÜRKMENISTANLYLAR GDA ÝURTLARYNYŇ MEKDEP SPORT FESTIWALYNA GATNAŞMAGA ÇAGYRYLÝARLAR
11 – 15-nji sentýabr aralygynda Ulýanowsk oblastynda (Russiýa) GDA agza ýurtlaryň Halkara mekdep sport festiwaly geçiriler. Onda, däp boýunça, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzstanyň, Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň toparlary kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stol tennisi, badminton we küşt ýaly sport oýunlarynda öz başarnyklaryny görkezýärler. Medeni we aň-bilim maksatnamasy festiwalyň möhüm bölegi bolmak bilen, oňa ga...
«MIZEMEZ GADAM»: TASLAMADAN – ULANYLYŞA BERILÝÄNÇÄ
Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär. «Mizemez Gadam» 1994-nji ýyldan bäri gurluşyk işleri bilen meşgullanýar. Şu döw...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTAN BILEN IŞLEŞJEK HÖKÜMETARA KOMISSIÝANYŇ DÜZÜMINI TASSYKLADY
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni buýruklara gol çekdi we Türkmenistan bilen ykdysady hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň Azerbaýjan böleginiň düzümini tassyklady, – diýip, Azerbaýjanyň köpçüliklerýin habar beriş serişdeleri habar berýärler. Türkmenistan bilen Azerbaýjany aňyrdan gelýän dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar birleşdirýär, bu bolsa iki dogan halkyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy we medeni umumylygy bilen şertlenendir. Häzirki wagtda d...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Pudagara toparynyň Başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pudagara toparyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işiniň aýratyn äh...
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA DÄP BOLAN DOSTLUK WE ÖZARA GOLDAW BERMEK ÝÖRELGELERINE YGRARLYDYRLAR
2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr. 24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa...