SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞMEK BABATDA IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwen...
BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketle...
ÖŇDEBARYJY TEHNOLOGIÝALAR - ARALA KÖMEGE GELÝÄR
Geçen ýylyň noýabarynda yglan edilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň (Global Disruptive Tech Challenge 2021) aprel aýynda netijesi jemlendi. Bu bäsleşigiň maksady Aralýaka zolagyň topragynyň zaýalanmagynyň we çölleşmeginiň öňüni almak üçin täze ideýalary saýlap almakdan ybarat. Bäsleşigi Bütindünýä banky Ýewropa Bileleşiginiň, Şweýsariýanyň we Birleşen Soltanlyklaryň maliýeleşdirýän Merkezi Aziýa boýunça Suw-energetika meýilnamasynyň (CAWEP) köpugurly gaznasynyň goldamagyn...
TÜRKMENBAŞY WE BAKU PORTLARYNYŇ ARASYNDAKY ÝÜK DAŞALŞYNYŇ MÖÇBERI ARTDY
Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy. Bu barada Report saýty «Бакинский международный морской торговый порт» («Bakuwyň halkara deňiz söwda porty») ÝPJ-ne salgylanyp habar berýär. Habarda Garadag raýonynyň Alýat posýologynda ýerleşýän Baku portunyň şu ýylyň I çärýeginde ýük dolanşygynyň 1,4 million tonnadan artandygy, munuň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,7 % köpdügi bellenilýär. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda agyr ýük da...
WATANYMYZYŇ MEDENI MERKEZI
Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçlyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar. Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir. Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi we medeni durmuşynyň me...
GARA SEÝITLIÝEW: TÜRKMENISTANYŇ POEZIÝA ENSIKLOPEDIÝASY
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gara Seýitliýew (1915-1971) meşhur şahsyýet diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr. Onuň köptaraply döredijiligi milli edebiýatyň, kino we teatryň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Şahyryň köp goşgularyna türkmen kompozitorlary saz dörtetdiler, şol aýdymlar awtoryň aradan çykanyna elli geçse-de, edil şu günlerem ýaňlanýar we diňlenilýär. häli-häzirem Gara Seýitliýew Bäherden etrabynda dogulýar. Onuň adyna Gara dakylmagy şol döwürleriň däp-dessury bilen bagly. Garaköl baga...
ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...