SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “C5+1” GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Şu gün, 23-nji aprelde «С5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Wideomaslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «С5+1» işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgam...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDE HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DIALOG GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ýer gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokar...
TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...
ONLAÝN-DUŞUŞYKDA GÄMI GURLUŞYGY ULGAMYNDA TÜRKMEN-RUSSIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly «Türkmendenizderýaýollary» Agentliginiň we «Ак барс» Gämigurluşyk korporaisýasy PJ-nyň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen ugurdaş hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem «Balkan» gämigurluşyk we gami abatlaýyş zawody» APJ-nyň binýadynda gämileriň dürli görnüşlerini gurmak hem-de abatlamak boýunça taslamalara aýratyn üns berild...
HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK WE “TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI” ASSOSIASIÝALARYNYŇ MERKEZI AÇYLDY
Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nob...
TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar. «Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň d...