RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Apr

RESMI HABARLAR

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. *** Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mu...

DOWAMY
pic
9 Apr

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Resmi habarlar (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
9 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. “Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgalaňyzyň agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygynyň ähli halkyna ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, hatda bellenilýär. Tü...

DOWAMY
pic
8 Apr

AFK-2021 KUBOGYNYŇ TOPARLAÝYN TAPGYRYNDA «АLTYN ASYRYŇ» SOŇKY GARŞYDAŞY KESGITLENDI

Тäjigistanyň «Hujant», Gyrgyzystanyň «Аlaý» we Özbegistanyň «Nasaf» futbol toparlary 14-20-nji maý aralygynda Duşenbede geçiriljek AFK-2021 Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda «Аltyn Asyryň» garşydaşy bolarlar. Olar tapgyryň «F» toparyny düzdüler. Olaryň iň soňky bäsdeşleri AFK-2021 çempionlar ligasynyň Doh şäherinde geçen «play-оff» - «utulan çykdy» duşuşygynyň netijesinde belli boldy. Bu duşuşyk Kataryň «Аl-Garaf» we Özbegistanyň АGMK toparynyň arasynda geçdi. AGMK we «Nasaf» Özbegistanyň topar...

DOWAMY
pic
8 Apr

TÜRKMENISTANYŇ BUHARESTDÄKI DIPLOMATIK WEKILLIGI SPORT BÄSLEŞIGINI GURADY

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharest şäheriniň Politehniki uniwersiteti (UPB) bilen bilelikde bu okuw jaýynyň sport toplumynda mini-futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça biziň ýurdumyzdan okamaga baran hem-de beýleki ýurtlaryň talyplarynyň arasynda ýaryş gurady. Sport çäresiniň açylyşynyň dabarasynda uniwersitetiň rektory Mihnea Kostoiu we Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamuhammet Annaýew dagy ýygnanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi hem-de sportuň jebisleşdiriji ähmi...

DOWAMY
pic
8 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ÝÖRITELEŞDIRILEN TÄZE DIKUÇARYŇ AÝRATYNLYKLARY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony...

DOWAMY
pic
8 Apr

TÜRKMEN ÖNÜM ÖNDÜRIJILERINIŇ WE TELEKEÇILERINIŇ MASLAHATY

Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän çäräniň maksady ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, döwlet hem-de hususy pudaklary ös...

DOWAMY