RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Apr

ELDE TIKILÝÄN AÝAKGAPLAR: TELEKEÇILIK WE OWADANLYK

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan telekeçi Arslan Möwlamowyň aýakgap ussahanasynda erkek, aýal we çaga köwüşleriniň 170 görnüşi tikilýär.   Häzir bu ýerde owadan we amatly aýakgaplary taýýarlaýan köwüş ussalary zähmet çekýär. Önümleriň çig maly – ýörite eýlenen ýokary hilli gön «Aksuw» (Аhal welaýaty) Hojalyk jemgyýetinden satyn alynýar.  Telekeçi Arslan Möwlamow: - Elde tikilýän aýakgaplar häzir öňki döwürlere garaňda has döwrebap - diýip hasaplaýar, - olar harydyň hiline we ownuk işleri...

DOWAMY
pic
9 Apr

LEBAP TÄZELIKLERI: ÝÜPEK PILE ÖNÜMÇILIGI WE ESASY GAZGEÇIRIJINIŇ GURLUŞYGY

Amyderýanyň jülgesinde ýüpek gurçugyny iýmitendirmek başlandy. Ýüpek gurçugynyň tohumy günorta-gündogar– Köýtendag, Hojambaz, Kerki we Halaç etraplaryna ilki paýlandy. Bu künjegiň amatly howa şertleri ýüpekçilik möwsümine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik döretdi.  Lebap welaýaty – Türkmenistanda ýüpek gupçugynyň tohumyny iň köp taýýarlaýan  sebitdir. Şu ýylda welaýatyň ýüpekçileri 1010 tonna ýokary hilli pile taýýarlamaly, ol ýurtdaky öndürilýän gymamatly ýüpek çig malynyň ähli möçberiniň...

DOWAMY
pic
9 Apr

TÄZE DOKMA TOPLUMY ÜÇIN INNOWASIÝA ENJAMY

Kaka etrabynda «Cotam Enterprises Ltd.» türk kompaniýasy tarapyndan gurulýan dokma toplumy häzirkizaman täze tehnologiki  enjamlar bilen abzallaşdyrylýar. Egriji bölümde hünärmenler K 46 Rieter kysymly egriji maşynlaryň 13-sini gurnadylar.  Ady belli şweýsar kompaniýasynyň täze enjamlary biziň ýurdumyzyň dokma pudagynda ilkinji gezek oturdylýar. Täze enjamlar ýokary hilli we berk ýüplükleri çykarmaga niýetlenýär. Mundan başga-da, şeýle kysymly maşynlarda  örän peýdaly artykmaçlyklaryň tutuş t...

DOWAMY
pic
9 Apr

ŞÄHERIŇ TARYHY ADAMLARYŇ YKBALYNDA: MARAT NYÝAZOW

Marat Ataýewiç Nyýazow ýaly  şahsyýetleri ýatlamak üçin aýratyn bir sebäp gerek däl. Ol hakda näçe ýazsaňam, näçe aýtsaňam – barybir az. Biziň aşgabatly ildeşimiz dogduk diýaryny dünýä tanatdy.  Onuň 1960-njy ýylda Rim Olimpiadasynda gazanan üstünligi nämä degmeýär?! Şonda ildeşimiz nyşana ok atmak boýunça  kümüş medaly gazanyp, arzyly altyn medala gaty golaý bardy. Bu ýaş türkmen türgeni üçin uly ýeňişdi. Türkmen mergeniniň ady sport dünýäsinde giňden tanalýar – ol ençeme gezek dünýäniň, Ýew...

DOWAMY
pic
9 Apr

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenista...

DOWAMY
pic
9 Apr

RESMI HABAR

Bedew bäsleşiklerinde ýeňiji bolan atlara berilýän baýraklary paýlamagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde hem-de atly sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik ş...

DOWAMY
pic
9 Apr

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz wela...

DOWAMY