img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

YLYM — DÖWLETIŇ ÖSÜŞINIŇ BINÝADY

Iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 70 ýyl dolýar. Ol 1951-nji ýylda SSSR YA-nyň Türkmenistan şahamçasynyň esasynda respublikanyň tebigy we jemgyýetçilik ylymlary pudagynda ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylygy we utgaşdyrmagy amala aşyrýan iň ýokary ylmy edara hökmünde döredildi. Geçen döwrüň dowamynda ylymlaryň dürli ugurlary boýunça milli mekdepleri döretmäge, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamaga Ylymlar akademiýasynda zähmet çeken tanymal alymlar özleriniň ägirt uly goşantlary...

DOWAMY
pic
11 Iýun

DAŞOGUZ WE BALKAN WELAÝATLARYNYŇ GALLAÇYLARY BUGDAÝ ORAGYNA GIRIŞDILER

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häk...

DOWAMY
pic
11 Iýun

EMELI GAÝA ÇYKMAK BOÝUNÇA ÇAGALAR GÖZDEN GEÇIRILIŞI

?Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki emeli gaýada geçirilen gaýa çykmak boýunça festiwal çagalar üçin hakyky sport baýramy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Çagalar Gaznasynyň goldamagyndaky ýaryşy «AGAMA» alpinistler kluby gurnady. Ulularyň gözegçiliginde we ygtybarly goragda 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalaryň 160-sy bäsleşige gatnaşdylar. Bu özboluşly ýaryşyň guramaçylary bäsleşige gatnaşýanlaryň aglabasynyň 4 ýaşdan 9 ýaş aralygynda boljakdygyny g...

DOWAMY
pic
11 Iýun

«TÜRKMENIŇ AK ÖÝI» – DAŞOGUZYŇ TÄZE BINAGÄRLIK KEŞBINIŇ BIR BÖLEGI

Daşoguzda «Türkmenin ak öýi» atly sosial-medeni maksatly täze uly desganyň gurluşygy jemleýji tapgyra girdi. Bu desga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilýär. «Türkmenin ak öýi» umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri, şeýle hem baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge niýetlenen desgalaryň giden bir toplumydyr. Täze gurulýan desga – ägirt uly ak öý – türkmen halkynyň jaý gurmak tär...

DOWAMY
pic
11 Iýun

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERI ÝAKYNLAŞMA UGRUNY SAÝLADYLAR

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglary institutynyň direktory Eldor Aripow Merkezi Aziýa döwletleri jebisleşme ugruny saýladylar diýip pikir edýär. Özbek KHS-niň habaryna görä, ol Moskwada geçirilen VII «Primakow okaýyşlary» halkara ylmy-bilermenler forumynda «Häzirkizaman wehimleri» temasyndan çykyş etdi. Aripowyň aýtmagyna görä, «dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýan esasy forumlaryň birinde Merkezi Aziýa aýratyn mejlisiň ba...

DOWAMY
pic
11 Iýun

ARASSA WE DURNUKLY ENERGETIKANYŇ ULANYLMAGY – ADAM SAGLYGYNY GORAMAGYŇ GIREWI

BMG durnukly ösüşiň 7-nji maksadynda (DÖM-7) göz öňünde tutulan ygtybarly, durnukly we döwrebap energetikanyň ählumumy elýeterliligi barada täze hasabaty neşir etdi. Bu barada BMG-niň habarlar saýty habar berýär. Hasabatda DÖM-7-ä ýetmekde uly, ýöne gyradeň bolmadyk ösüş gazanylandygy we pandemiýanyň onuň möçberine ýaramaz täsir edendigi bellenilýär. Halkara energetika agentliginiň (IAE), Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş mes...

DOWAMY
pic
11 Iýun

AŞGABATDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ILÇISINIŇ METBUGAT MASLAHATY BOLDY

Şu gün, 11-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň 2020-nji ýylyň başyndan häzirki wagta çenli döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan metbugat maslahaty boldy. Diplomat çäräniň başynda pandemiýa başlandan soň dünýä bileleşiginiň duçar bolan kynçylyklaryny ýatlatdy. Ol dünýä ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirdi, emma, ilçiniň aýtmagy...

DOWAMY