RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Few

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, ş...

DOWAMY
pic
28 Few

NAKGAŞLARYMYZYŇ ESERLERI ILÇIHANADA

Ýurdumyzyň tanymal nakgaşlary ABŞ-yň ilçihanasynyň işgärlerini žiwopis eserleri arkaly türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, durmuşy bilen tanyşdyryp başladylar. Olaryň ygtyýaryna berlen özboluşly sergi meýdançalarynda -- binanyň käbir iş otaglarynyň we hollarynyň diwarlarynda nakgaşlar gezekleşip öz çeken suratlaryny asýarlar. Her aý täzelenýän galareýa diplomatlary türkmensitanly nakgaşlaryň günbatar adamsy üçin üýtgeşik döredilijiligi bilen tanyşdyrýar. Ilçihananyň täze işgärleri işe gelen...

DOWAMY
pic
27 Few

TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY KESGITLENILDI

2021-nji ýylyň 26-njy ferwalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşyga şeýle-de pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ý.Nazarow ulag, infrastr...

DOWAMY
pic
26 Few

TDU-NYŇ GEOLOGIÝA MUZEÝI: ÝERASTY BAÝLYKLAR WE TEBIGY ÝADYGÄRLIKLER BILEN TANYŞLYK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň daşlar kolleksiýasy muzeýi – ýurdumyzda iň baý kolleksiýalaryň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde dag jynslarynyň, magdanlarynyň we daşa öwrülip giden zatlaryň 1200-den gowrak nusgasy bar.  Muzeýe geografiýa fakultetiniň talyplary mineralogiýa, umumy geologiýa, tebigaty öwreniş sapaklaryny geçmäge gelýärler. Asylky ekspozisiýalar, kartalar, shemalar, eksponatlaryň köpugurly görekzilişi ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary, Türkmen...

DOWAMY
pic
26 Few

TEJRIBÄ DAÝANYP

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin dört müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler. Suwy az talap edýän  we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan bu ekin köpçülikleýin geçen ýyl, esasanam gyşlyk galladan soň aralyk ekin hökmünde ekilipdi. Sebitde ondan bol hasyl – bäş müň tonnadan gowrak mäş ýygnalypdy. Şu ýyl hem onuň her gektaryndan azyndan 15 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýerl...

DOWAMY
pic
26 Few

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-n...

DOWAMY
pic
26 Few

RESMI HABAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen...

DOWAMY