SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün paýtagtymyzda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Pikiralyşmalaryň barşynda taraplaryň işewür gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ula...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de olary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we eko...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ MEJLISIŇ DEPUTATLARY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir. Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. Gaz...
TABŞYRYKLAR WAGTYNDA ÝERINE ÝETIRILER
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýurdumyzda iri çeper haly fabriginiň çeper elli ussatlarynyň ýüzlerçesi möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge girişdiler. Kärhanada TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde bina edilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň içki bezegi üçin inçe el halylaryny dokamak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olar sebitleriň aýratynlyklaryna görä taýýarlanylýar. 2 müňden gowrak adam işleýän fabrigiň...
РОССИЙСКАЯ «ТАТНЕФТЬ» РАСШИРЯЕТ СПЕКТР СЕРВИСНЫХ УСЛУГ
Российская нефтяная компания «Татнефть» запустила в Балканабаде участок по ремонту насосно-компрессорных труб (НКТ) для нужд государственного концерна «Türkmennebit» и других компаний в Туркменистане. Участок включает в себя этапы мойки, отворота и наворота муфт, контроля и нарезки резьбы, гидроиспытаний НКТ, маркировки и выходного контроля. На сегодняшний день мощность участка составляет до 12 труб в час, а при необходимости может быть увеличена вдвое без дополнительных капитальных затрат. ...