SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI OMANYŇ SOLTANYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda Oman Soltanlygynyň Soltanynyň resmi oturýan ýeri bolan «Al Baraka» köşgünde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýewyň Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saide Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Omanyň Soltany bilen duşuşy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Dostlukly döwletiň D...
ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY
Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Iň gowy etrap diýen derej...
MEKDEPDE EKOLOGIÝA BAÝRAMY -- DURNALAR GÜNI BELLENILDI
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 30-njy mekdebinde tebigaty goramak guramalarynyň nyşany bolan dünýäde iň ajaýyp guşlaryň biri Durnalar güni mynasybetli ekologiýa baýramy geçirildi. Bu waka gabatlanyp bu guşlaryň görnüşleriniň biri çal durnanyň Amyderýa jülgesinde we Lebap welaýatynyň günortasyndaky oňa golaý ýerlerde gyşlaýan döwri saýlanyldy. Durnalar gününden öň meýdanlara çykylanda tebigaty goraýyş çärelerine gatnaşyjylar Döwletli (Tallymerjen jülgesinde) we Kerki etraplarynda (Watan,...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SERGI
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Sergide sungatda yz galdyran tanymal türkmen žiwopisçileriniň, şeýle hem işlerinde zehini ýüze çykýan döwürdeşlerimiziň suratlary bar. Institutyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusubowa sergä gelenlere ýüzlenip, geljekde halkara derejesinde işlemeli hünärmenleriň ýurdumyzyň žiw...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda,...
DIPLOMATIK ÝOKARY OKUW MEKDEBINDE TÜRKMEN-ÖZBEK DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi. Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Şu günki wideoduşuşyk doganlyk türkmen-özbek gat...