SOŇKY HABARLAR
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada iş sapary bilen geldi. 17-nji fewralda saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Dipl...
ONLAÝN GÖRNÜŞDE SKRIPKAÇYLAR ÜÇIN USSATLYK SAPAGY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kirişli saz gurallary kafedrasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagy boldy. Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti we professory Ruben hem-de Gagik Smbatýanlar skripkaçylaryň altysynyň saz çalşyna onlaýn görnüşde syn etdiler. Daşyndan synag-konsertine meňzeýän bu ussatlyk sapagy ermeni kompozitory Aram Haçaturýanyň eseri bilen açyldy. Bäşinji ýyl talyby Leýla Amangulyýewa Konsertiň ikinji we üçünji bölegini...
«MARYTELEKOM» NYRHLARY PESELDÝÄR
?Marytelekomyň» aragatnaşykçylary ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýakynda internetden peýdalanmaga nyrhnamalaryň peseldilmegi kommunikasiýa enjamlarynyň kuwwatlygyny güýçlendirmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalara düzediş girizmegi talap edýär diýip hasaplaýarlar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bellän has amatly täze nyrhlary, gürrüňsiz, internetden şahsy peýdalanyjylaryň arasynda hem, Mary welaýatynyň edara-guramalarynyň arasynda hem internete islegi artdyrar. «Marytelekomyň...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ UÇARMANSYZ UÇÝAN ENJAMLARYŇ MERKEZINIŇ IŞI BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýur...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi. Resmi habar (turkmenistan.gov.tm)
ULY ÄHMIÝETLI EKIN
Türkmenistanyň demirgazygynda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň arasynda arpa möhüm orun tutýar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda arpa ekmek üçin bir müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň dörtden bir bölegi S. Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär, şeýle hem ony iri ýetişdiriji sebitler bolan Könürgenç we Akdepe etraplarynyň ekarançylary-da arpa ýetişdirmekde ýeterlik tejribe topladylar. Kösükliler maşgalasyna degişli arpanyň düzüminde ýokumy we peti köplügi üçin ol mallar üçin gymmatly iýmdir. Arpa aýratyn...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Duşuşygyň başynda Ilçi Irfan Ahmed täze ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen bagly gutlaglary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşjakdygy barada ynandyrdy. Duşuşygyň dowamynda tara...