SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministr türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara aly...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýolla...
ÝURDUMYZDA “SOŇKY JAŇ” WE AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara özbaşdak durmuşa gadam basmagy...
TÄZE DOGLAN ÇAGALARA PAÝTAGTYMYZYŇ ŞANLY BAÝRAMYNYŇ HORMATYNA AŞGABAT HEM MERJEN ATLARY DAKYLDY
Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi. Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler. Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Ata...
ABŞ AZERBAÝJAN BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDAKY HAZAR DEŇZINDÄKI ÝATAKLARY BILELIKDE ÖZLEŞDIRMEK BARADAKY ÄHTNAMANY GOLDAÝAR
ABŞ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gol çekişen Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagyny bilelikde öwrenmek we özleşdirmek baradaky ylalaşygy goldaýar. Azerbaýjanyň «Report» saýtynyň habar bermegine görä, bu barada Respublika Gününiň 28 ýyllygy mynasybetli ABŞ-niň Prezidenti Jozef Baýdeniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewiň adyna iberen gutlag hatynda aýdylýar. «Amerikanyň Birleşen Ştatlary Azerbaýjanyň geçen ýyl Gündogar gaz akdyryjy turbasyny ulanulyşa girizmek bilen, Ýewropanyň kö...