SOŇKY HABARLAR
HYTAÝ NEBIT WE GAZ ÇYKARYLYŞYNY GÜÝÇLENDIRÝÄR, ÝÖNE DAŞARDAN SATYN ALMAGYNY-DA AZALTMAÝAR
Hytaý şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda nebitdir gazyň çykarylyşyny-da, daşardan satyn alynmasyny-da artdyrdy. Finmarketiň gullugynyň habar bermegine görä muňa Döwlet statistika müdirligi (DSM) şaýatlyk edý är. Meselem, şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda bu ýurt nebit çykarylyşyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,9% artdyrmak bilen jemi 65,63 mln tonna ýetirdi. Şeýle-de bolsa, ýanwar – aprel aýlarynda daşary ýurtlardan satyn alynýan nebitiň mukdary, ýyl hasabyndan alnanda 7,2%, ýagny 179,58...
MILLI LIDERIMIZ “AŞGABAT-SITINIŇ” GURLUŞYGYNA BADALGA BERDI HEM-DE TÄZE ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNY AÇDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat Aziýanyň “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiz...
ЛЭНГСТОН ХЬЮЗ: ПУТЕШЕСТВИЕ ПО СОЛНЕЧНОМУ ТУРКМЕНИСТАНУ
Столица Туркменистана празднует 140-летие со дня основания, а на другом конце земного шара, в американском городе Альбукерке сегодня отмечается День города-побратима Ашхабада. Среди многочисленных гостей, когда-либо посещавших солнечный туркменский край нельзя не вспомнить известного американского гражданина, поэта и писателя Лэнгстона Хьюза. В 1932 году первооткрыватель «джазовой поэзии» совершил большое путешествие за океан и с октября по декабрь объездил несколько городов Средней Азии....
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady...
TÜRKMENISTANYŇ ORTA MEKDEPLERINIŇ UÇURYMLARYNA, MUGALLYMLARYNA WE ÄHLI BILIM IŞGÄRLERINE
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenist...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ ÝOKARY DEREJESI BELLENILDI
Şu gün, 25-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň aprel we m...
KAZANYŇ WE BUHARESTIŇ ÝOKARY OKUW JAÝLARYNYŇ WEKILLERI TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ TOÝUNA BAGYŞLANAN WIDEOFORUMA GATNAŞDYLAR
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn halkara maslahatyny geçirdi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen köp wagt bäri özara gatnaşyk saklaýan ýokary mekdepler, şol sanda Kazan (Priwolžýe) federal uniwersiteti we Buharestiň ykdysady ylymlar uniwersiteti hem bu baýramçylyk duşuşygyna gatnaşdylar. Kazan federal uniwersitetiniň prorektory Timirhan Al...