img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Mar

MYRAT SADYKOW: TÜRKMEN ESTRADASYNDA ÖÇMEZ YZ GALDYRAN ZEHIN

?Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr.  “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...

DOWAMY
pic
3 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün e...

DOWAMY
pic
3 Mar

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu duşuşyk weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. GDA döwletlerind...

DOWAMY
pic
3 Mar

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş diplomatiýasy dünýä derejesinde döwrüň ähmiýetli meselelerini çözmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň ösüşlere beslenen başlangyçlary netijesinde Türkmenistan lukmanlaryň iş ýüzündä...

DOWAMY
pic
2 Mar

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALYGYNA DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK TAMAMLANDY

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, o...

DOWAMY
pic
2 Mar

MILLI ITŞYNASLYK SUNGATYNY KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, 25-nji fewralda Türkmen alaba...

DOWAMY