SOŇKY HABARLAR
«DESSANYŇ» HOŞOWAZ ÇYKYŞLARY
Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan» skripkaçylar topary täze konsert maksatnamasyny taýýarlady. Onda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesi bar. Toparyň agzalary Nury Halmämmedowyň we Çary Nurymowyň, instrumental konsert sazyny dörediji italiýaly tanymal kompozitor Antonio Wiwaldiniň, ençeme saz eserleriniň awtory Karl Bomyň we beýleki kompozitorlaryň eserlerini ussatlarça ýerine ýetirýärler. Täze konsert maksatnamasynyň...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK
Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň milli parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn-forumyň gün tertibi Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy. B...
TÜRKMENISTANYŇ WE FRANSIÝANYŇ IŞEWÜRLER BILELEŞIKLERI HYZMATDAŞLYK ÝOLUNDA
23-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen “MEDEF International”-yň (Fransiýanyň kärhanalar hereketi) Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gotýeniň (Philippe Gautier) onlýan duşuşygy geçirildi, onuň jemi boýunça Birleşme bilen “MEDEF International”-yň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürler birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiligini...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET ANKARADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Şu gün, 23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow...
AWTORY – KÖSSEK
Ildeşimiz maryly nakgaş Kössekmyrat Nurmyradowyň suratlaryna şu ýylky sowuk hem garly Moskwanyň ýaşaýjylary syn etseler, olaryň göwni galkynardy. Žurnalist, sungaty öwreniji, şu ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň «Форум Плюс» žurnalynda türkmen nakgaşy barada çap edilen makalanyň awtory Mihail Pereplesnin, ine, şeýle pikir aýtdy. Moskwaly žiwopis muşdaklary ildeşimiz, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kössekmyrat Nurmyradowyň eserlerine köpden bäri beletdirler. Onuň Russiýanyň paýtagtynd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi. Resminama bilen, “Döwlet pajy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Tü...