SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...
MILLI LIDERIMIZ ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ 76 ÝYLLYGYNYŇ HORMATYNA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat ge...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 — 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Resmi habarlar (turkmenistan.gov.tm)
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi. Resmi habarlar (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANY IKINJI WATANY EDINEN FRONTÇYNYŇ YKBALY
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli ähli ýerde uruş gahrymanlary mübäreklenýär. Men olaryň biri – Sergeý Tewosowiç Aganýan barada gürrüň bermekçi. Durmuşynda ýurdumyzyň we Aşgabadyň şanly seneleri beýanyny tapan weteranyň watanperwerlik ruhuna ýugrulan öýüne baryp, onuň bilen söhbetdeş boldum. Sergeý Tewosowiç Litwany, Latwiýany, Estoniýany we Ukrainany azat etmek ugrunda söweşlere gatnaşdy. Onuň gulluk edýän polky Belorussiýadaka gitlerçi Germaniýadan üstün çyky...
TMK-NYŇ ULY ZALYNDA ÝEŇIŞ WASPY ÝETIRILDI
8-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda kamera ansambly kafedrasynyň guramagynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanyp, «Uruş ýyllarynyň aýdymlary» atly aýdym-sazly agşam geçirildi. Tomaşaçylar Aleksandr Aleksandrow bilen Wasiliý Lebedew-Kimaçyň «Mukaddes jeň» aýdymyny ör turup diňlediler. Soňra Amangeldi Amanowyň we Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Konstantin Listowyň «Ýerdölede», Ýeži Peterburgskiniň «Mawy ýaglyk...
TÜRKMENISTANA HYTAÝYŇ “CORONAVAC” SANJYMY GETIRILDI
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi. Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamy...