SOŇKY HABARLAR
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGALARYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ankara uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletliliik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş maslahaty, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” d...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy I.Arabaýew adyndaky Gyrgyz Döwlet Uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ýurdumyzda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirdi. Çärä Gyrgyz Respublikasynyň Parlamentiniň wekilleri, Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, Bişkekde akkreditirlenen diplomatik wek...
ELDE TIKILÝÄN AÝAKGAPLAR: TELEKEÇILIK WE OWADANLYK
Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan telekeçi Arslan Möwlamowyň aýakgap ussahanasynda erkek, aýal we çaga köwüşleriniň 170 görnüşi tikilýär. Häzir bu ýerde owadan we amatly aýakgaplary taýýarlaýan köwüş ussalary zähmet çekýär. Önümleriň çig maly – ýörite eýlenen ýokary hilli gön «Aksuw» (Аhal welaýaty) Hojalyk jemgyýetinden satyn alynýar. Telekeçi Arslan Möwlamow: - Elde tikilýän aýakgaplar häzir öňki döwürlere garaňda has döwrebap - diýip hasaplaýar, - olar harydyň hiline we ownuk işleri...
LEBAP TÄZELIKLERI: ÝÜPEK PILE ÖNÜMÇILIGI WE ESASY GAZGEÇIRIJINIŇ GURLUŞYGY
Amyderýanyň jülgesinde ýüpek gurçugyny iýmitendirmek başlandy. Ýüpek gurçugynyň tohumy günorta-gündogar– Köýtendag, Hojambaz, Kerki we Halaç etraplaryna ilki paýlandy. Bu künjegiň amatly howa şertleri ýüpekçilik möwsümine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik döretdi. Lebap welaýaty – Türkmenistanda ýüpek gupçugynyň tohumyny iň köp taýýarlaýan sebitdir. Şu ýylda welaýatyň ýüpekçileri 1010 tonna ýokary hilli pile taýýarlamaly, ol ýurtdaky öndürilýän gymamatly ýüpek çig malynyň ähli möçberiniň...
TÄZE DOKMA TOPLUMY ÜÇIN INNOWASIÝA ENJAMY
Kaka etrabynda «Cotam Enterprises Ltd.» türk kompaniýasy tarapyndan gurulýan dokma toplumy häzirkizaman täze tehnologiki enjamlar bilen abzallaşdyrylýar. Egriji bölümde hünärmenler K 46 Rieter kysymly egriji maşynlaryň 13-sini gurnadylar. Ady belli şweýsar kompaniýasynyň täze enjamlary biziň ýurdumyzyň dokma pudagynda ilkinji gezek oturdylýar. Täze enjamlar ýokary hilli we berk ýüplükleri çykarmaga niýetlenýär. Mundan başga-da, şeýle kysymly maşynlarda örän peýdaly artykmaçlyklaryň tutuş t...
ŞÄHERIŇ TARYHY ADAMLARYŇ YKBALYNDA: MARAT NYÝAZOW
Marat Ataýewiç Nyýazow ýaly şahsyýetleri ýatlamak üçin aýratyn bir sebäp gerek däl. Ol hakda näçe ýazsaňam, näçe aýtsaňam – barybir az. Biziň aşgabatly ildeşimiz dogduk diýaryny dünýä tanatdy. Onuň 1960-njy ýylda Rim Olimpiadasynda gazanan üstünligi nämä degmeýär?! Şonda ildeşimiz nyşana ok atmak boýunça kümüş medaly gazanyp, arzyly altyn medala gaty golaý bardy. Bu ýaş türkmen türgeni üçin uly ýeňişdi. Türkmen mergeniniň ady sport dünýäsinde giňden tanalýar – ol ençeme gezek dünýäniň, Ýew...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenista...