img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW MILLI GEŇEŞIŇ IKI PALATASYNYŇ BILELIKDÄKI BIRINJI MEJLISINI GEÇIRDI

Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşla...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTAN STAMBULDAKY OWGANYSTAN BOÝUNÇA DUŞUŞYGA ÇAGYRYLDY

Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar.  RIA Nowosti diplomatik çeşmä salgylanyp bu barada  habar berýär.  Owganystanyň hökümetiniň we «Taliban» hereketiniň   wekilleriniň gatnaşmagyndaky  ýokary derejeli maslahat  24-nji aprelden 4-nji maýa çenli aralykda Stambulda geçer.  Stambula: Türkmenistan, Awstraliýa,  Azerbaýjan, Kanada, HHR, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Norwegiýa, Beýik...

DOWAMY
pic
13 Apr

TAR, AKKORDEON, DUTAR: SAZDA KÖPDÜRLÜLIK WE NUSGAWY USSATLYK MEKDEBI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň akkordeonçylar orkestri çykyş etdi. Onuň dirižýory saz mugallymy Astanguly Baýromowdyr. Аstanguly — TMK-nyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň uçurymy. Ol soňra okuwyny Kazanyň döwlet konserwatoriýasynda dowam etdirdi. 2018-nji ýylda şol okuw jaýyny tamamlap, D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde mugallymçylyk kärine başlady. Şol bir wagtda-da ol mekdepde okaýan 3...

DOWAMY
pic
13 Apr

ŞATLYK SOWGAT BERMEK: AÝRATYN ÇAGALAR ÜÇIN BAÝRAMÇYLYK

Aýratyn çagalara bagyşlanan iki sene – Dauna sindromly näsaglaryň Halkara güni (21-nji mart) we autizm meselesi barada maglumatlary ýaýratmagyň Bütindünýä güni mynasybetli jemgyýetçilik işgäri Wiktor Şohiniň gatnaşmagynda «Ýeňme» hemaýatkärlik guramasy «Şatlyk sowgat bermek» atly şygary bilen medeni çäre gurady. Onda ene-atalaryň işjeň gatnaşmagynda aýratyn çagalar üçin gyzykly bäsleşikler, çagalar tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Animatorçylar gülküli, degişmeli sahnalary janlandyrdylar....

DOWAMY
pic
13 Apr

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. HHR-nyň Daşary işler ministriniň orun...

DOWAMY
pic
12 Apr

ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokaý uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşa Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Tokio şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu sport çäresi ýaşlaryň arasynda sport işjeňligini, bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek, şeýle hem jemgyýetde ekol...

DOWAMY
pic
12 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...

DOWAMY