SOŇKY HABARLAR
BAZALT SÜÝÜMINIŇ GIŇ GERIMI
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär. Alym ýerli çig maldan önümleriň ençeme görnüşini, şol sanda – armatura, profil turbalary, dispres-armirlenen öýjükli beton diwar bloklary we beýleki önümleri taýýarlamakda ulanylyp boljak üznüksiz bazalt süýümleriniň önümçiligini guramagy...
BÜTINDÜNÝÄ BANKY BILEN SAGLYGY GORAÝYŞ PUDAGYNDAKY TASLAMANY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK BERKIDILÝÄR
2021-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 14-nji ýanwary aralygynda Bütindünýä bankynyň Taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy Susanna Aýrapetýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň neşirýat-çaphana ulgamynyň, şeýle hem gazetleriň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi, olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Kararda...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberl...
HALKARA ULAG, ENERGETIKA WE ARAGATNAŞYK ULGAMLARYNYŇ IŞE GIRIZILMEGI MYNASYBETLI DABARALAR
Şu gün Türkmenabatda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ow...
TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA ÇENLI HALKARA OPTIKI SÜÝÜMLI ARAGATNAŞYK ULGAMYNY IŞE GOÝBERMEK – DÜNÝÄNIŇ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDAKY MAGLUMAT KÖPRÜSINIŇ DÖREDILMEGI UGRUNDA
Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynd...
KERKI (TÜRKMENISTAN) – ŞIBERGAN (OWGANYSTAN) UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJI ULGAMY DABARALY ÝAGDAÝDA IŞE GIRIZILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmeginden öň Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow hem-de Owganystanyň suw we energetika meseleleriniň sazlaşdyrylmagy boýunça müdirliginiň Baş direktory Han Mohammad Takal dagylar çykyş etdiler. Ol...